Ýokary zähmet üstünliklerine beslenip, şanly wakalary bilen dabaralanýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen ili Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýeňişli sepgitlere eýe bolýar. Ykdysady ösüşleriň gadamy batlanyp, il-günümiziň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Üstümizdäki ýylyň şanly wakalary ýokary ruhubelentligi döredip, abadan geljegimize ynamy pugtalandyrýar.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň baýramyny şatlyk-şowhuna beslän türkmen halky ýene bir buýsançly senä — hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýuny toýlaýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň taryhy wakasy boljak Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toý-dabarasynyň dünýä doljakdygy guwandyrýar. Bu şanly senäniň yzysüre Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen gününiň 34 ýyllygynyň baýramçylygy bellenilip geçiler. Partiýamyzyň döredilen gününiň uly toýy möhüm ähmiýete eýe bolup, geçen 34 ýylyň içinde şöhratly menziller külterlenildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürilmeginde partiýamyzyň saldamly goşandyny ýatlamak guwanç duýgusyny döredýär. Partiýamyzyň agzalary döwlet Baştutanymyzyň kabul eden Maksatnamalarynyň, Kararlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde, jemgyýetimizi möhüm meseleleriň ýeňişli çözgüdinde jemlemekde uly tagallalary edýärler. Ýokarda ýatlanan wezipelerden ugur alyp, ilatyň arasynda wagyz- -nesihat we düşündiriş işlerini talaba laýyk dowam etdirýärler.
Şu günler bolsa, tamamlanyp barýan ýylymyzyň şanly wakalaryna kemsiz taýýarlyk görülýär. Olary guramaçylykly geçirmek maksady bilen etrap komitetimiziň agzalaram ähli tagallalary edýärler.
Mahym Hojagulyýewa, TDP-niň Sakarçäge etrap komitetiniň partiýa guramaçysy
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti
11.12.2025 ý