Täze ýylyň bosagasynda Bäherden etrabynyň çäginde talh kärhanasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. «Parahat» hususy kärhanasyna degişli bolan täze kärhananyň açylyş dabarasyna welaýat, etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.
Toý öwüşginli bezemen meýdançada bolan açylyş dabarasynda ajaýyp waka mynasybetli gutlaglar aýdylyp, täze kärhananyň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň hususy pudagyň wekilleri üçin döredýän giň mümkinçilikleri dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan täze kärhananyň gurluşygynda tapawutlanyp zähmet çeken gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazlary, joşgunly çykyşlary dabaranyň ruhubelentligini belende göterip, ol ýere ýygnananlaryň şatlygyny goşalandyrdy. Şeýle şatlykly pursatlarda dabara gatnaşyjy myhmanlar täze kärhananyň binasyna aýlanyp, onda ornaşdyrylan enjamlar we göz öňüne tutulan mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar. Hünärmenleriň myhmanlara gürrüň berişleri ýaly, bu kärhanada Ýewropanyň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyrylypdyr. Bu enjamlar kärhanada üzümi ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işläp, talh önümini öndürmäge mümkinçilik berýär. Şeýle döwrebap kärhanalary gurduryp berýändigi üçin hormatly Prezidentimize alkyşymyz çäksizdir.
Hoşgeldi Ataýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň başlygy
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
25.12.2025 ý