Hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygy ündeýän başlangyçlary älem-jahana dolýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly hem mähriban halkymyzyň, ata Watanymyzyň at-abraýyny dünýäde dabaralandyrýan taryhy wakalara beslendi. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýylynyň içinde dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşmeýilli gatnaşyklarynyň netijesinde, içeri we daşary syýasatda saýlap alan ýolunyň dogrudygyny hemmetaraplaýyn subut etdi.

Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, halklaryň we ýurtlaryň durnukly ösüş meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynyň esasyny emele getiriji ugur howpsuzlygyň bitewülik konsepsiýasydyr. Türkmenistan bitewülik ýörelgelerine ynsanperwerlik nukdaýnazardan baha bermek bilen, onuň umumy esaslaryny pugtalandyrmaga çalyşýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän umumadamzat bähbitli taglymatlarynda öz beýanyny tapýar. Ol halkymyzyň özboluşly aň-paýhasyndan, medeniýetinden, döreden milli gymmatlyklaryndan gelip çykýan ýörelgelere esaslanýar.

Parahatçylyk, bitewülik, birek-birege ynanyşmak medeniýeti ýaly pelsepewi garaýyşlarymyz, ynsanperwer ýol-ýörelgelerimiz milletimiziň ähli edim-gylymyna, aň-paýhasyna ornap, adamzat tarapyndan ykrar edilen ruhy-ahlak gymmatlyklaryň hatarynda mynasyp orun aldy.

Zeminde halklaryň agzybirligini saklamakda, halklary dost-doganlyga çagyrmakda baky Bitaraplyk syýasatymyzyň uly ähmiýeti bar. Dünýä halklaryny bu ýörelgelerden ugur alyp, bitewülige, agzybirlige, jebislige çagyrýarys. Ata Watanymyza dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly ynam bildirilip, ol tutuş Merkezi Aziýa boýunça sebitiň syýasy, ylalaşdyryjy merkezine öwrüldi.

Türkmenistan sebit we sebitara hyzmatdaşlykda global meselelere ünsi güýçlendirmek bilen, Ýer ýüzündäki islendik ýagdaýyň parahatçylykly serişdeler we ynsanperwer gatnaşyklar, syýasy-diplomatik ýollar bilen kadalaşdyrylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary we teklipleri uly goldawa eýe bolýar.

Hormatly Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany», «Bitarap Türkmenistan» atly we beýleki kitaplarynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy giňden açylyp görkezilýär.

Eziz Watanymyzda beýik işleriň amala aşyrylýan hem-de baý döredijilikli durmuşyň gaýnap-joşýan täze taryhy eýýamynda medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda dünýä bileleşigi bilen özara hoşniýetli gatnaşyklar has-da pugtalandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, Türkmenistan medeni ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär.

Mähriban halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren bitaraplyk ýörelgeleri bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä halklaryny agzybirlige, ylalaşyga çagyryjy mukam bolup ýaňlanýar. Halkymyzyň adyl we asyl ýörelgelerini her bir işde adat edinip, adamzadyň röwşen ertirleriniň abatlygynyň binýadyny gurýan Arşdan serpaýly Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Şirin Mirmedowa, TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

“Watan” gazeti

26.11.2022 ý

 

 

TDP-niň Aşgabat şäher komiteti - TDP-niň Bagtyýarlyk etrap komiteti