Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýan uly işler bitirilip, belent sepgitlere ýetilýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň günsaýyn ösýändigine, tutuş dünýäde syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly ýurtlaryň birine öwrülýändigine şaýatlyk edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem beýik işleriň, köptaraply tutumlaryň üstünlikli amala aşyrylýan ajaýyp ýyllarynyň biri bolar.
2026-njy ýylyň şygary we nyşany ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünliklerini, halkymyzyň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini we geljege bolan ynamyny, ösüşlerimiziň bedew badyny alamatlandyrýar. Ol ykdysady, medeni we ruhy ösüşlere gönükdirilen belent maksatlaryň nyşany bolup dabaralanýar.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesi uludan toýlanjak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem halkymyzyň ýaşaýyş‑durmuş derejesini hil taýdan yzygiderli gowulandyrmakda, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýetli işler üstünlikli dowam etdiriler. Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň sarpasy belent tutulyp, bu ugurda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär.
Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň, halkymyzyň Ýer ýüzüne dolan şan-şöhratyny has-da belende göterýän Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Araztäç Rejebowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy
"Balkan" welaýat gazeti
15.01.2026 ý