Halkymyzyň eşretli durmuşy döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de beýleki degişli guramalaryň bilelikde guramagynda maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 23-nji noýabrda geçirilen mejlisinden gelip çykýan wezipelere bagyşlanan maslahata edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdy.

Maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýeti, onda garalan meseleler we gelip çykýan wezipeler dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, mejlisde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan hödürlenen «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça meselä aýratyn üns gönükdirildi. Bu Kanun Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda halkymyzyň ertirki güni baradaky aladany, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny kepillendirýän wajyp maliýe-hukuk resminamasydyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna bildirilýän esasy talaplaryň biridigi barada aýtmagy we degişli Kanuny Mejlise gaýtadan seretmäge bermegi teklip etmegi il-günümiziň eşretli durmuşy ugrundaky aladanyň subutnamasydyr.

Maslahatda Prezident Maksatnamasyndan ugur alnyp, geljek ýylda Ahal welaýatynda önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň onlarçasynyň, şol sanda hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryň gurluşyklaryny amala aşyrmagyň meýilleşdirilýändigi, şeýle-de ildeşlerimiziň aýlyk zähmet haklarynyň ýokarlandyryljakdygy dogrusynda aýdylanlar gyzgyn goldaw tapdy.

Işjeňlikde geçen maslahata gatnaşyjylar berkarar Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy babatda bimöçber tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

Araphan Erniýazow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri

“Ahal durmuşy” gazeti

30.11.2022 ý

TDP-niň Ahal welaýat komiteti -