Spartakiadanyň çäklerinde

Golaýda Daşoguz şäherindäki 15-nji orta mekdepde «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly XV spartakiadanyň çäklerinde woleýbol boýunça şäherdäki orta mekdepleriň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda ýaryş geçirildi. Ony welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirligi, welaýat Baş bilim müdirligi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi, TDP-niň Daşoguz şäher komiteti, TMÝG-niň şäher geňeşi bilelikde guradylar.

Ýaryşyň jemlerine görä, oglanlaryň arasynda 30-njy orta mekdebiň woleýbolçylary üstünlikli çykyş edip, birinji ýere mynasyp boldular. Şäheriň 15-nji we 14-nji orta mekdepleriniň woleýbolçylary, degişlilikde, ikinji we üçünji ýerleri eýelediler.

Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň woleýbolçy toparyna birinji, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň toparyna ikinji we daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň toparyna üçünji orunlar degişli boldy.

Ýaryşyň ýeňijileri «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Aýsoltan Nurmedowa, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bölüm müdiri

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

15.01.2026 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Daşoguz şäher komiteti