Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleri rowaçlanyp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Munuň şeýledigine tamamlanan 2025-nji ýylda raýatlaryň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik işler aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen, 2025-nji ýyl halkymyza, güneşli Diýarymyza şan getiren taryhy wakalara baý boldy. Şanly ýylda welaýatymyzyň ýaşaýjylarydyr zähmetkeş halky bolup, şatlykly wakalaryň ençemesine şaýat bolduk, binalaryň açylyş we düýbüniň tutulyş dabaralaryna gatnaşdyk, yhlasly we tutanýerli zähmet çekdik. Şanly wakalaryň hatarynda Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde döredilen täze, döwrebap obalaryň açylyş dabaralaryny buýsanç bilen agzamak has-da ýakymly. Täze obalara degişlilikde «Döwletli mekan», «Bagtly zamana» ýaly döwrebap atlaryň dakylmagy ildeşlerimizde gyzgyn goldaw tapdy. Täze obalara, şeýle-de welaýatymyzyň dürli ýerlerinde ulanylmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna bagtdan paýly maşgalalaryň ençemesi göçüp bardy. Elbetde, bu zatlar agzybir halkymyz üçin edilýän aladalaryň nyşanydyr.
Ýagşy arzuwlar bilen gadam basylan täze — 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyryldy. Bu döwrebap şygar her birimizi täze-täze üstünliklere ruhlandyrdy. Ösüş-özgertmeli eýýamyň gadam basylan Täze ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýy hem toýlanar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, şanly ýylda has-da yhlasly, tutanýerli we netijeli zähmet çekmek, Watanymyzyň baş baýramynyň uludan dabaralandyryljak ýylyny ähli ugurlarda ýokary görkezijilere beslemek her birimiziň perzentlik borjumyz. Goý, hormatly Prezidentimiziň saýasynda berkarar Watanymyz ösüşleriň ak ýolundan bedew bady bilen mundan beýläk-de ynamly öňe gitsin, şan-şöhraty Äleme dolsun, ykdysady kuwwaty has-da pugtalansyn!
Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
08.01.2026 ý