Ak bugdaý etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde möwsümleýin meýdan işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şu günler birleşigiň zähmetsöýer daýhanlary ýerleri ýazky gowaça ekişine taýýarlamakda, güýzlük bugdaý ekilen meýdanlara ideg etmekde tutanýerli işleýärler.
Daýhan hojalygy boýunça 4 müň gektardan gowrak ýerde gowaça ekmek meýilleşdirilýär. Şol ýerlerde sürüm işleri geçirilip, häzirki günlerde tekizlemek we geriş çekmek ýaly meýdan çärelerine möhüm ähmiýet gönükdirilýär. Bu işlerde tehnikalaryň bökdençsiz we netijeli işledilmegi gazanylýar.
Hojalygyň ekerançylyk meýdanlarynyň 3 müň 670 gektaryna ýaşajyk maýsalar ýaraşyk berýär. Güýzlük galla ekilen meýdanlara birkemsiz ideg edilýändigine ak ekiniň kadaly boý alýandygyndan hem göz ýetirip bolýar. Zähmetkeş oba daýhanlary gyşyň häzirki günlerinde ak ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde yhlasly işleýärler. Bu zatlar hojalygyň daýhanlarynyň şanly ýylymyzy bol hasylly ýyla öwürmegiň aladasyndadygynyň subutnamasydyr.
Ogulgerek Gandymowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň hünärmeni
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
15.01.2026 ý