Milli gymmatlygymyza buýsanjyň güwäsi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz beýik ösüşler bilen röwşen geljege barýar. Ata Watanymyzyň ynamly gadamlarynda bedew bady bar. Bedew biziň berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşiniň esasy alamatydyr, milli buýsanjymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Pederlerimiziň irginsiz zähmeti netijesinde, keremli türkmen topragynda kemala gelen we ajaýyp gözelligi, çeýeligi hem-de ýyndamlygy bilen gadymy döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz milli gymmatlygymyzdyr, türkmeniň buýsanjydyr, öý-‑ojagynyň ýaraşygydyr» diýen sözleri hem muny tassyklaýar.

Pähim-paýhasa ýugrulan bu ajaýyp sözleriň hakyky many-mazmuny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da aýdyň ýüze çykýar. Halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän bedewlere uly hormat-sarpa goýlup, durmuşymyzyň haýsy ugruna ser salsaň, öňegidişlikler, bedew badyndaky ösüşler gazanylýar. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy bolsa bu ösüşlere täzeçe itergi berer.

 Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilimde, saglygy goraýyşda, medeniýetde we sungatda gazanylýan her bir üstünlik, ilkinji nobatda, halkyň bähbitlerinden ugur alýar. Munuň özi berkarar Watanymyzyň her bir raýatynyň asuda, abadan we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrundaky aladanyň aýdyň nyşanydyr. Ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

Satlyktagan Maşow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň bölüm müdiri

"Balkan" welaýat gazeti

22.01.2026 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Balkanabat şäher komiteti