Abraý-atly, bedew batly Diýarym

Ata Watanymyzyň taryhyna şanly wakalary, uly üstünlikleri bilen altyn harplarda ýazyljak, halkymyzy maksat-myradyna ýetirjek 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi bagtyýar raýatlarymyz tarapyndan uly ruhubelentlik, buýsanç duýgusy bilen kabul edildi. Mälim bolşy ýaly, ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän asylly däbe görä, her ýyl ajaýyp şygara beslenýär. Döwrümiziň biri-birinden zyýada ýyllarynyň şygarlarynda halkymyzyň taryhy, şu güni şöhratlanyp, milli ruhy we medeni mirasy aýdyň şöhlelenýär. Gündogar müçenamasy boýunça ýylky, ýagny bedew ýylynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy hem bu hakykaty ýene bir ýola dabaralandyrdy.

2026-njy ýylyň buýsançly şygary ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň dowamat-dowam boljakdygynyň, halkymyzyň behişdi bedewlere hormat-sarpasynyň egsilmezdiginiň nyşanydyr. Türkmen halky öz üstünliklerini, ýeňişlerini hemişe bedew atlaryň badyna deňeýär, şol ýeňişleri suratlandyrmaly bolanda, çarpaýa galyp duran türkmen bedewiniň keşbini janlandyrýar. Üstümizdäki ýylyň şygarynyň bedew atlara dahylly bolmagy, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde hem atyň keşbiniň orun almagy, ýurdumyzyň çar künjünde atçylyk sport toplumlarynyň hereket etmegi halkymyzyň milli gymmatlygymyza bolan egsilmez söýgüsi bilen berk baglydyr. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, geçen ýyl Monako Knýazlygynda geçirilen 47-nji Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Altyn baýraga hem-de beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy biziň milli gymmatlygymyzyň, sungatymyzyň dünýäde ykrar edilýändiginiň, arzylanýandygynyň aýdyň güwäsi boldy.

«At — myrat» diýen ýagşy niýeti hemra edinip, şu ýylda biz hem özümiziň syýasy partiýamyzyň öňünde durýan wezipeleri, maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmekde, raýatlarymyzyň, hususanam, ýaşlarymyzyň arasynda hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny, beýik üstünliklerimizi, milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmekde yhlasymyzy gaýgyrman zähmet çekeris. Yhlasly zähmet çekmek, döredijilikli işlemek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşly sözlerimiz bolsa hemişe dillerimiziň senasy bolup ýaňlanar.

Aýjemal Ýagşymämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri

"Balkan" welaýat gazeti

05.02.2026 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti -