BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BUÝSANJY

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan kemal tapan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni bedew batly ösüşler bilen öňe alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bu günki gün ýurdumyzyň abraý-mertebesi has-da artýar. Ösüşiň täze tapgyryna gadam basan döwletimiz mizemez abadançylygy, baky bagtyýarlygy, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan-da ýokarlanmagyny göz öňünde tutýan aýdyň maksatlary ýola goýýar. Bagtyýar geljegiň bähbidine gönükdirilen şol maksatlar ýurdumyzyň geljek 30 ýylda has pajarlap ösmegini göz öňünde tutýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» aýdyň beýan edilýär. «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň dowamy hökmünde durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň täzeçil tutumlary täze döwre badalga beren «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzy tutuşlygyna gurşap aldy.

Uzak ýyllaryň ösüşini göz öňünde tutýan wezipeleriň ilkinji tapgyryny öz içine alýan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi döwletimizi degişli ugurlar boýunça ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini öňküden-de gowulandyrmak bilen bagly tagallalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün eder. Arkadagly Serdarymyzyň peder göreldesine eýerip alyp barýan her bir işinde halkyň bähbidi göz öňünde tutulýar, hususan-da, jemgyýetde ýaşlara aýratyn orun berilýär. Munuň şeýledigini ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny kämilleşdirmek bilen baglylykda degişli kanunçylygyň rejelenen görnüşde kabul edilmegi, onda ýaşlary durmuşda hemmetaraplaýyn goldamak boýunça wezipeleriň göz öňünde tutulmagynyň mysaly aýdyň görkezýär.

Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet Maslahaty taryhy ýylymyzyň iň uly syýasy wakasy boldy. Täze döwürde döwletimiziň syýasy, ykdysady, durmuş hem-de medeni taýdan ösüş depginlerini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly wajyp meselelere seredilen Maslahatda ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi esaslaryny mundan beýläk hem berkitmek, halkara abraýyny ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn wezipeler kesgitlenildi, döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň meseleleri boýunça möhüm Kararlar kabul edildi. Döwlet Maslahatynyň yzysüre Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirilip, ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuşyna dahylly taryhy çözgütleriň birnäçesi kabul edildi. Bu, elbetde, hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesine eýerip, adam hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde durmuşa geçirýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Häzirki wagtda merdana halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň töweregine berk jebisleşip, täze döwrüň ruhy galkynyşyna beslenip, ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek, belent sepgitlere ýetmek baradaky ýörelgelerini döwrebap derejede dowam etdirip, belent ynam bilen öňe barýar. Mizemez ösüşe maksatnamalaryň esasynda tapgyrma-tapgyr ýetilmegi halkyň şol ynamynyň durmuşda hakyky manysyna eýe bolmagyna getirýär. Bu bolsa ýurtda işleriň sazlaşykly alnyp barylýandygyny, halkyň agzybirlikde, bitewi maksada tarap ýagşy niýet bilen barýandygyny aýdyň görkezýär.

Sapargül Rejepowa, TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

01.12.2022 ý

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Boldumsaz etrap komiteti