Gökdepe etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiren baýramçylyk dabarasy «Garaşsyz Türkmenistan bir mizemez binadyr, eneleriň arzuwy iň ajaýyp senadyr» diýlip atlandyryldy. Etrabyň Babarap obasyndaky Toý mekanynda geçirilen bu ajaýyp baýramçylyga etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, medeniýet ulgamlarynyň wekilleri, önümçiligiň öňdebaryjylary, Watan buýsanjyna ygrarly ýaşlar, mährem eneler gatnaşdylar. Toý mekanynyň giň zalynda zenanlaryň çeper el işleri, milli nusgaly zenan lybaslary, dokma, zergärçilik, küýzegärlik önümleri we beýleki milli gymmatlyklar ýerleşdirilen sergi bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.
Baýramçylyk dabarasynda oňa gatnaşanlaryň buýsançly çykyşlaryna uly orun berildi. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buýsanjyna öwrülen türkmen zenanlarynyň maşgaladaky, jemgyýetdäki we zähmet pudaklaryndaky mynasyp ornuny hem-de ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar durmuşymyzy taryp edýän ýürek sözlerini beýan etdiler. Olar il-ýurt abadançylygy, maşgala bagtyýarlygy ugrunda ähli şertleri döredip berýän we ýaşaýyş-durmuşymyzdaky ajaýyplyklaryň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Baýramçylyk dabarasyna şirin owazly bagşy-sazandalaryň, etrabyň sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary aýratyn öwüşgin çaýdy. Olaryň mähriban käbelerimiziň waspyny ýetirýän ajaýyp aýdymlary hemmeleriň köňlüni kökerdi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan ýylymyzyň Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak, ýakymly täsirleri galdyrdy.
Amangül Atabaýewa, TDP-niň Gökdepe etrap komitetiniň partiýa guramaçysy
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
05.03.2026 ý