Baglar — tebigatyň görki

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 21-nji martynda ýurdumyzda geçen ählihalk bag ekmek dabarasy welaýatymyzda hem işjeňlige eýe boldy. Şol gün welaýatymyzyň çäginde saýaly, pürli, miweli bag nahallarynyň, tuduň we üzümiň 88 müňe golaý düýbi oturdyldy, şeýle-de 136 müňden gowrak baga ideg edildi.

Ýazky bag ekmek möwsümine badalga bolan nobatdaky bag ekmek dabarasy welaýatymyzyň ähli künjeginde zähmet baýramçylygy ruhunda geçirildi. Ýaşyna we kärine garamazdan, bagtyýar ildeşlerimiziň köp sanlysy bag ekmek we ozaldan ösüp oturan baglara ideg etmek işlerine egsilmez höwes we hyjuw bilen goşuldy. Şol gün welaýat derejesindäki esasy bag ekmek dabarasy Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň Döwletli mekan obasynyň çäginde geçdi. Welaýat häkimligi tarapyndan guralan dabara häkimlikleriň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarydyr işgärleri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyplar, ýaşuly we ýaş nesliň wekilleri gatnaşdy.

Täze, döwrebap obanyň çäginde bag nahallaryny oturtmaga niýetlenip taýýarlanan giň meýdanyň golaýyndaky toý meýdançasynda ir säherden şatlyk-şowhun, ruhubelentlik höküm sürdi. Ol ýerdäki owadan sahnada welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy. Milli öwüşginli aýdym-sazlarda, tanslarda bedew batly ösüşlere beslenen Watanymyzyň, erkana döwrümiziň, gözel tebigatymyzyň, bahar paslynyň gözelliginiň we zähmet adamlarynyň waspy belentden ýetirildi. Asylly we sogaply işe gatnaşmaga gelen bagtyýar ildeşlerimiz baýramçylyk ruhuna beslenen meýdançadaky sergä hem aýlanyp gördüler. Dürli görnüşli bag nahallaryny, bezeg güllerini öz içine alan sergi ýakymly täsirleri peşgeş berdi.

Dili senaly ýaşulularyň baş bolmagynda bag nahallaryny oturtmaga dabaraly girişilmegi bu ýere jemlenenleriň şatlygyny goşalandyryp, kalbyny joşa getirdi. Bag ekmek dabarasyna ýygnananlaryň ählisi hem asylly we sogaply işe goşant goşdular. Olaryň agzybirlikli zähmeti bilen, 10 gektar ýerde pürli bagyň 4 müň düýbi degişli talaplara laýyklykda oturdyldy. Ýeri gelende bellesek, bu dabara gatnaşan ildeşlerimiziň dört müňüsi bag ekmekde, üç müňüsi bolsa, baglaryň idegini ýerine ýetirmekde yhlasly zähmet çekdi. Şeýlelikde, bu gözel künjekde täze ýaşyl zolak emele gelip, täze obanyň görki bilen özboluşly sazlaşygy döretdi.

Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

26.03.2026 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti -