Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, welaýatymyzyň edermen pagtaçy daýhanlary Gyzylarbat etrabyndaky «Goç» daýhan birleşiginde gowaça ekişine girişdiler. Gowaça ekişiniň başlanmagy mynasybetli ekin meýdanynda toý dabarasy geçirildi. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň giňden ýaýbaňlandyran joşgunly çykyşlary dabaranyň şatlyk-şowhunynyň üstüni ýetirip, daýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Ýerine ýetirilen kompozisiýalarda, aýdymdyr sazlarda, milli tanslarda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bedew batly öňe barýan döwletli Diýarymyzyň gülläp ösüşiniň tarypy ýetirildi.
Welaýatymyzyň il sylagly ýaşululary ata-babalarymyzyň asylly däbine eýerip, ýagşy arzuw-niýetler bilen ilkinji gowaça çigitlerini sepdiler. Soňra ýaşulular orunlaryny mehanizatorlara geçirdiler. Ýeri gelende belläp geçsek, ýerleri ekişe taýýarlamakda döwrebap kämil tehnikalaryň 125-si netijeli işledildi. Geljekde ekiş möwsüminiň dowamynda ekiji tehnikalaryň 35-si tejribeli daýhanlarymyzyň hyzmatynda bolup, işleriň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde tamamlanmagyna ýardam eder. Şeýle hem tehniki ussalary özünde jemleýän, zerur bolan dürli serişdeler bilen üpjün edilen hyzmat ediş toparlarynyň 19-sy möwsümiň tutuş dowamynda iş üstünde bolup, tehnikalaryň bökdençsiz işlemegine öz mynasyp goşantlaryny goşarlar. Bu bolsa şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanjak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 13 müň gektar meýdana gowaça ekip, ondan 16 müň tonna pagta hasylyny ýygnamaga ýardam berer.
Halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Guwanç Çendirow, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty
“Watan” gazeti
28.03.2026 ý