Taryhy tutumlaryň rowaçlanýan döwri

Ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly ösüşler «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejeleri ýokarlanyp, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň halkara abraýy artýar. Eziz Diýarymyzda asylly däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz, ruhy gymmatlyklarymyz ýörelge edinilip amala aşyrylýan döwlet syýasaty barha rowaçlyklara beslenýär, bu bolsa ähli ulgamlaryň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň her bir başlangyjyny halkymyzyň giňden goldaýandygyna we durmuşa geçirilýän özgertmelere gatnaşmakda ýokary işjeňlik görkezýändigine bolsa biz geçirýän çärelerimizde edilýän buýsançly çykyşlaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem her bir tutumyň rowaçlyga beslenmegi, ähli ulgamlarda ýokary görkezijileriň gazanylmagy halkymyzda çäksiz hoşallyklary döredýär. Raýatlarymyz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrýan, halkara ähmiýetli, iri möçberli taslamalara badalga berýän we milletimiziň ruhy-medeni taýdan galkynmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary üstünlikli amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýärler.

Akmämmet Şirmämmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Magtymguly etrap komitetiniň başlygy

"Balkan" welaýat gazeti

09.04.2026 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Magtymguly etrap komiteti