Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen 2018-nji ýylda Hazar deňziniň kenarynda işe girizilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, deňiz strategiýasynyň ajaýyp miwesidir. Bu zawodyň işi ýurdumyzda düýpgöter täze tejribe bolup, ol deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösüşine mynasyp goşant goşýar.
Umumy meýdany 166 müň inedördül metre ýetýän zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 4 sany gämini gurmaga, 20 sany gämide abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Kärhanada täze gurlan we bejergi işleri doly tamamlanan gämileri suwa goýbermek, abatlanjak gämileri suwdan ýokary galdyrmak ýa-da süýşürmek hyzmatlaryny amala aşyrýan, ýük göterijiligi 10 müň tonna deň bolan sinhronlift hereket edýär. Bu önümçilik enjamy uzynlygy 150 metr, ini 22 metr bolan gämileri ýokary galdyrmaga, şeýle-de 5,5 metr suwuň aşagyna çümüp hereket etmäge ukyplydyr. Kärhanada ýük göterijiligi 42, 64 we 84 tonna deň bolan relsde hereket edýän kranlaryň barlygy-da bellärliklidir.
Dürli ölçegdäki demir böleklerini we beýleki demir önümlerini işlemekde, olardan zerur görnüşleri taýýarlamakda gerek bolan kämil önümçilik enjamlary bilen üpjünçilik zawodyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Bu ýerde ornaşdyrylan enjamlaryň döwrebaplygy ýerine ýetirilýän her bir işiň ýokary hil derejesini kepillendirýär.
Häzirki wagtda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, her biriniň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna bolan iki sany gury ýük gämisiniň gurluşyk işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Gurluşyk üçin gerekli materiallardyr ätiýaçlyk şaýlar Koreýa Respublikasynyň «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co. Ltd.» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda üpjün edilýär.
«Gadamly» hem-de «Menzil» diýlip atlandyrylan gury ýük gämileriniň gurluşygyna gatnaşýanlaryň 90 göterimden gowragynyň ýerli hünärmenlerdigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olar gämi gurluşyk işleriniň inçe tilsimlerini ussatlyk bilen özleşdirýärler, bu ugurda baý tejribe toplaýarlar. Gämileriň gurluşygynyň ilkinji tapgyrlarynda demir listler talabalaýyk derejede arassalanylýar, başlangyç boýag işleri geçirilenden soň, taslama çyzgylary esasynda gäminiň kiçi bölekleri taýýarlanylýar. Gäminiň orta ýygnama işleri, uly seksiýa bölekleriniň taýýarlanmagy, turba we kabel geçirijileriň, goşmaça kömekçi gurnamalaryň ornaşdyrylmagy hem ýerli hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilýär. «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň hünärmenleriniň sazlaşykly işleri netijesinde «Gadamly» atly ilkinji milli gury ýük gämisiniň gurluşyk işleri häzir soňky tapgyrda bolup, onuň ýakyn geljekde ýüzüşe çykmagyna garaşylýar. Uzynlygy 123 metre deň bolan bu gämi 20 tonnalyk ýük konteýnerleriniň birbada 240-a golaýyny daşamaga hem-de dört gije-gündizläp ýüzüşde bolmaga ukyplydyr. Häzirki zaman nawigasiýa we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen gäminiň ekipažy ýokary derejeli hünärmenleriň 14-sinden ybarat bolar. «Menzil» atly ikinji gury ýük gämisiniň hem gurluşyk işleri depginli alnyp barylýar.
Gury ýük gämileri ýurdumyzyň Merkezi Aziýa we Hazarýaka ýurtlar bilen halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulyşmagynda, deňiz ýollary arkaly daşalýan ýükleriň artdyrylmagynda ähmiýetlidir. Şol bir wagtda hem ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan gurulýan döwrebap ýük gämileri ata Watanymyzyň gämi gurluşyk pudagynyň täze taryhy eýýamda eýeleýän belent sepgitleriniň aýdyň güwäsidir.
Guwanç Çendirow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty
“Türkmenistan” gazeti
10.04.2026 ý