Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň abraýy barha ýokarlanýar. Günsaýyn ösýän, özgerýän ata Watanymyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda ulag ulgamynda-da uly ösüşler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly ajaýyp kitabynda: «Ulag düzümi adamzadyň ýaşaýşynda ykdysadyýetde, ýagny maddy önümçilik ulgamynda esasy baglaşdyryjy ulgam bolup hyzmat edýär we ýolagçylary gatnatmakda hem-de halk hojalyk ýüklerini daşamakda ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak wezipelerini ýerine ýetirýär. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda tutuş ýurdumyz bilen bilelikde gözel paýtagtymyzyň içerki we daşarky ýollaryny halkara ülňülerine laýyk getirmek maksadynda uly möçberli işler amala aşyryldy» diýip nygtamak bilen, ata Watanymyzy ösdürmek we gözelleşdirmek boýunça kabul edilen Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ulag-logistika strategiýasy halkara derejede ykrar edilen. Muňa aýdyň mysal hökmünde, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny görkezmek bolar. 2019-njy ýylda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berlip, 2021-nji ýylda Aşgabat — Tejen bölegi, 2024-nji ýylda Tejen — Mary bölegi açylyp ulanmaga berildi. Ýaňy-ýakynda, has takygy, 10-njy aprelde bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy boldy. Ägirt uly awtomobil ýolunyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamynyň täze belentliklere çykandygyny aýdyň subut edýär. Bu gurlan ýoluň baş maksady ýurdumyzda ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, ýurdumyzyň halk hojalygynda hususy ulgamyň ornuny artdyrmak, ýurdumyzyň geoykdysady kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak we milli ykdysadyýetimizi ösdürmek bolup durýar.
Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda irginsiz iş alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Merdan Dosmedow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty
“Aşgabat” gazeti
16.04.2026 ý