Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler. Olar her ýylda ýüpek gurçuklaryna bellenilen kadalara laýyklykda ideg edip, piläniň bol hasylyny ýygnamagy başarýarlar. Şu ýyl tejribeli ýüpekçileriň 1600-den gowragy bu möhüm iş bilen meşgullanýar. Olaryň yhlasly zähmeti bilen gymmatly çig malyň 97 tonnasy ýygnalyp, döwlete tabşyrylar. Etrabymyzyň edermen ýüpekçileri maý aýynyň ilkinji günlerinde pile hasylyny ýygnamaga girişerler.
Şu günler bolsa olar ýüpek gurçuklaryny göwnejaý idetmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Etrabyň daýhan birleşikleriniň 8-sinde hem ýüpek gurçuklaryny idetmek işi ýola goýuldy. Olaryň ählisinde hasyly kabul etmek üçin birkemsiz taýýarlyk görlüp, gapanlar, ambarlar taýýar edildi. 2026-njy ýylda ýüpek gurçuklarynyň iýmit gorunyň geçen ýyllardakydan has gowy üpjün edilendigini hem aýtmak gerek. Etrap boýunça 350 gektar meýdandaky tut agaçlary bol iýmit gory bolup hyzmat edýär.
Döwlete tabşyrylýan piläniň mukdarynyň ýylsaýyn artmagy we hiliniň gowulanmagyna etrabyň Jumaguly Mämedow adyndaky, «Gyzylgum» hem-de «Türkmenistan» daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri uly goşant goşýarlar. Etrabymyzyň ýüpekçileri ýüpek gurçuklaryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edip, piläniň bol hasylyny ýygnamagy başarýarlar. Bu asylly zähmet däbiniň şu ýyl hem üstünlikli dowam edýändigini ynam bilen aýdyp bolar.
Baýrammyrat Reýimow, TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
21.04.2026 ý