Halkymyzda ýol çekmek, köpri gurmak sogaply iş hasaplanylýar. Gadymyýetden gözbaş alan bu ýörelgelerimiziň döwlet syýasatymyzda öz ornuny barha pugtalandyrýandygyna Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlarynyň we hormatly Prezidentimiziň tutumly işleriniň oňyn netijesinden hem anyk göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzyň ulag we logistika ulgamlarynda iri göwrümli taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň, ulag diplomatiýasynyň barha rowaçlanýandygynyň iş ýüzündäki beýanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda il-ýurt bähbitli, sebit, dünýä ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu taslamalaryň birnäçesi häzirkizaman ulag-aragatnaşyk düzüminiň kemala getirilmegini, onuň giň gerimli ösüşlerini göz öňünde tutýar, olaryň gutarnykly amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistany dünýä bilen, dünýäni Türkmenistan bilen birleşdirýän ýollar we kämil aragatnaşyk ulgamy peýda bolýar. Dünýä döwletlerini birleşdirýän ýollar ählumumy ösüşiň möhüm ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygyny guramaga we ýokary depginlerde ösdürmäge hyzmat edýär. Şonuň bilen birlikde döwletleriň hyzmatdaşlygy üçin täze geoykdysady giňişligiň binýady goýulýar, hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejelere göteriljekdigine berk ynam bildirilýär. Bu başlangyjyň türkmen döwletine degişlidigi has-da buýsandyryjydyr.
Ulag-aragatnaşyk ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde hem möhüm ugurlaryň biri hasaplanylýar. Bu bilen baglanyşykly güneşli Diýarymyzda amala aşyrylýan iri taslamalar bolsa diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösmegine, halklaryň ýaşaýyş derejeleriniň gowulanmagyna ýardam berýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň täze sebit we sebitara ulag-aragatnaşyk düzümini döretmekde möhüm ähmiýetli merkez bolup durýandygyny dünýä jemgyýetçiligi-de ykrar edýär. Biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan we meýilleşdirilýän iri taslamalar ykdysady hem-de söwda hyzmatdaşlygyny has ýaýbaňlandyryp ösdürmekde örän ähmiýetlidir.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň açylmagy Türkmenistanyň halkara ähmiýetli ulag çatrygy hökmündäki ornunyň pugtalanmagyna uly itergi berdi. Çünki bu ýol sebitiň we dünýä ýurtlarynyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary berkitmekde möhüm halkany emele getirýär. Şeýle-de bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň esasy maksady sebit we halkara derejeli üstaşyr geçelgeleriniň toruny döretmekden, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekden ybaratdyr.
Halkara ulag-logistika ýollarynyň gurluşygynyň amala aşyrylmagynda we olaryň netijeli hereket etmeginde, ulaglaryň ähli görnüşiniň hereketiniň utgaşdyrylmagynda ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen ýygjam hyzmatdaşlyk saklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar we degişli Kararnamalary kabul edýär. Olaryň hatarynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», «Durnukly multimodal geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy üpjün etmegiň ýolunda», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalary, şeýle-de 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany görkezip bileris. 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda bolsa «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026—2035-nji ýyllar)» atly Kararnama kabul edildi. Bu resminama Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen syýasatynyň logiki dowamydyr. Şeýle-de bu Kararnamalaryň kabul edilmeginde ýurdumyzyň başlangyçlaryna dünýä döwletleriniň birnäçesiniň awtordaş bolup çykyş etmegi Türkmenistanyň ählumumy ulag ulgamyna işjeň goşulyşýandygynyň guwandyryjy görkezijisidir.
Halkara derejesinde giň goldawa eýe bolýan şeýle beýik işler, elbetde, ýurdumyzyň ösüşleri, döwletimiziň galkynyşy bilen sazlaşyklydyr. Ýagny şeýle döwrebap ýollaryň gurluşygy ýurdumyzyň oba-kentlerinden başlanýar. Bu işler welaýatara, etrabara ýolagçy we söwda gatnawlaryny kadalaşdyryp, ýurdumyzyň ulag ulgamynyň düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna giň mümkinçilik açýar. Ykdysadyýetiň, durmuşyň ýokary tizlikler bilen ösýän döwründe ulag-logistika ulgamynda döwletli işleri durmuşa geçirýän, ýokary tizlikli ýollary gurduryp, alys ýollary ýakyn etmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.
Agamyrat Jumaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti
23.04.2026 ý