Agzybirligiň nyşany

Ýurdumyzda täze zamanada — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan dost-doganlyk ýoly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýy artyp, hoşniýetli hyzmatdaşlyk giň gerime eýe bolýar. Garaşsyz ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty alyp barmak bilen dünýäniň ähli ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny barha ösdürýär. Iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň noýabr aýynda bolup geçen syýasy wakalar hem daşary syýasatda halkara derejesindäki gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Aýyň başynda ýurdumyzda Koreý medeniýetiniň günleriniň üstünlikli geçirilmegi iki dostlukly döwletiň medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändiginiň subutnamasy boldy.

Taryha ser salsak, 2008-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Premýer-Ministri Han Syn Sunyň Türkmenistana iş sapary bilen gelmegi, şol ýylda Gahryman Arkadagymyzyň bu ýurtda resmi saparda bolmagy, 2014-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Pak Gyn Heniň Türkmenistanda resmi sapar bilen bolmagy, 2015-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň resmi sapar bilen Koreýa Respublikasyna barmagy dost-doganlyk gatnaşyklarynyň binýadynyň berkden tutulandygyny görkezýär.

Şu ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda bolsa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasynda resmi saparda bolmagy gatnaşyklaryň täze sahypasyny açdy. Gahryman Arkadagymyz resmi saparynyň maksatnamasyna laýyklykda, dostlukly ýurtda birnäçe duşuşyklary geçirdi. Şol duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler, gazanylan ylalaşyklar hyzmatdaşlyk binýadynyň has-da berkemegine itergi berdi.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy indi 30 ýyl bäri diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki resmi sapary mahaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekilmegi iki dostlukly döwletiň arasyndaky dowam edýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine giň ýol açdy. Gahryman Arkadagymyz Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň binasyndaky çykyşynda saparyň diňe bir türkmen-koreý parlamentara hyzmatdaşlygyny däl, eýsem, döwletara gatnaşyklarynyň tutuş toplumyna ägirt uly itergi berjekdigini belledi. Parlament diplomatiýasynyň esasy maksadyny, manysyny we niýetlenilişini onuň parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň guraly bolmagynda görýändigimizi nygtady. Gahryman Arkadagymyzyň Koreýa Respublikasynda resmi sapary wagtynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşyk geçirmegi ýaşlaryň arasynda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Koreýa Respublikasynda bilim alýan türkmen ýaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlaryň we Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň sowgat berilmegi dünýä ýurtlarynda bilim alýan türkmen ýaşlarynyň döwlet tarapyndan uly üns-alada bilen gurşalýandygynyň beýanyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işjeň durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň netijesinde türkmen döwletiniň dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary barha berkeýär. Bu ugurda möhüm işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Soltanmyrat Ýazmyradow, TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy

“Watan” gazeti

03.12.2022 ý

TDP-niň Aşgabat şäher komiteti -