Mynasyp goşant goşmak ugrunda
Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özbaşdak we erkin syýasy partiýa bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary astynda alyp barýan syýasatyny, maksatnamalaryny we beýik tutumlaryny durmuşa geçirmäge, raýat jemgyýetiniň kämil guralmagyna mynasyp goşant goşýar. Çünki bu wezipeleri berjaý etmek berkarar döwletimiziň röwşen ertirini gurmakdyr. Röwşen ertiri gurmak bolsa, eziz Diýarymyzyň dowamat-dowamlylygyny üpjün etmekdir.
TDP-niň Daşoguz şäher komiteti we ilkinji partiýa guramalary hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer içeri we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işlerini, durmuşa geçirilýän täze başlangyçlaryny halk köpçüligine giňden düşündirmekde netijeli işleri alyp barýar. Bu ugurda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan syýasy, medeni-köpçülik çärelerini dabaralandyrmak bilen bir hatarda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat beren kitaplarynyň many-mazmunyny, olaryň baý taryhy maglumatlaryny, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmekde şäher häkimligi beýleki jemgyýetçilik guramalar, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen agzybirlikde wagyz-nesihat çäreleri, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär.
TDP-niň Daşoguz şäher komitetinde 188 sany ilkinji partiýa guramasy hereket edip, olarda 5695 agza hasapda durýar. Işjeň partiýa agzalarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eziz Diýarymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, şan-şöhratyny artdyrmak ugrundaky tagallalaryndan we beýik başlangyçlaryndan, ynsanperwer ýörelgelerinden ruhlanyp, iri möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Ilkinji partiýa guramalarynda, zähmet toparlarynda, ilat arasynda geçirilýän syýasy-köpçülik işiniň ähmiýetini has-da artdyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ilkinji partiýa guramalarynyň işini hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýan wezipeleri esasynda guramak biziň baş maksadymyzdyr. Şu jähtden hem hormatly Prezidentimiziň alyp barýan adyl, parasatly, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, hukuk we kanunçylyk ulgamyndaky özgertmelerini, milli Maksatnamalarymyzy halk köpçüligine gyzgyny bilen ýetirmek ugrunda netijeli işleri alyp barýarys. Ýörite iş meýilnamamyz esasynda guraýan partiýa sagatlarymyzyň, wagyz-nesihat çärelerimiziň, bäsleşiklerimiziň ählisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşleri bilen utgaşýar.
Şu günler TDP-niň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary geçirilýär. Hasabat-saýlaw ýygnaklarynda ilkinji partiýa guramalarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri giň halk köpçüligine düşündirmek, hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işlere giňden seljerme berilýär we täze taryhy döwürde partiýa guramalarynyň alyp barmaly işleriniň geljekki ugurlary kesgitlenýär.
TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň agzybir işgärleriniň ähli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleriň gözbaşynda duran hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny ýol-ýörelge edinip, ýurdumyzda milli demokratiýanyň giňden dabaralanmagyna, halkymyzyň yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegini gazanmaga goşandyny goşjakdygyna ynandyrýarys.
Aýsoltan Nurmedowa, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň bölüm müdiri
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
23.04.2026 ý