Ajaýyp zamanamyzda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda taryhy tutumlara badalga berilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri-de Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrmak babatynda amala aşyrýan beýik özgertmelerini, taryhy tutumlaryny wagyz etmeklige mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Biz hem döwlet Baştutanymyzyň öňümizde goýan anyk wezipelerinden ugur alyp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ady bilen ata Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan üstümizdäki ýylda alyp barýan wagyz-nesihat işlerimiz arkaly berkarar döwletimizde durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň, badalga berilýän tutumlaryň düýp mazmunyny ilatyň arasynda giňden düşündirmekde yhlasly zähmetimizi gaýgyramzok. Golaýda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de ýokary derejeli Hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berilmegi hem täze taryhymyza zer harplar bilen ýazylan şanly waka boldy.
Ýurdumyzyň iri energetika döwleti hökmündäki abraýynyň täze belentlige göterilmeginde bu gaz käniniň örän uly orny bardyr. «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryna badalga berilmegine halkymyzyň buýsanjynyň, hoşallygynyň egsilmezdigine geçirýän wagyz-nesihat çärelerimizde aýdyň göz ýetirýäris. Şeýle çärelerde edilýän çykyşlarda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, raýatlaryň bolelin ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmekde ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlar dilleriň senasyna öwrülýär.
Berdimyrat Nyýazdurdyýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň başlygy
"Balkan" welaýat gazeti
30.04.2026 ý