«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly nebitgaz senagatynyň täze ösüşlerine badalga berlen ýyllaryň biri bolup, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu ýylda halkara energetika hyzmatdaşlygynda möhüm ädimler ädilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna badalga berilmegi hem muny aýdyň görkezdi. Dünýä ykdysadyýetinde görnükli orny bolan Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar strategik häsiýete eýe bolup, söwda-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik we medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky köptaraply gatnaşyklaryň ähmiýeti, şol sanda gaz pudagy, ylym-bilim, saglygy goraýyş ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň orny örän uludyr.
«Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyrynyň özleşdirilmegi ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň kuwwatly hereketlendiriji güýjüne öwrüler. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyrylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediler. Täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça oňaýly şertleri döreder. Munuň üçin biziň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmeýär.
Toýguly Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenbaşy etrap komitetiniň başlygy
"Balkan" welaýat gazeti
07.05.2026 ý