Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň bilelikde bellenilmegi çuň mana eýedir. Halkymyz bu iki mukaddeslige uly sarpa goýýar. Baýdak ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemleýär. Türkmen halky parahatçylygy we abadançylygy hemişe arzuw edip gelipdir. Bu arzuwlar biziň Döwlet baýdagymyzda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa, halkymyzyň ruhy-ahlak däplerine, watansöýüjilik ýörelgelerine, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetine pugta eýerilýändigini subut edýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň öňünde, dünýäniň köp sanly döwletlerinde, şeýle hem ähli şäherlerimizde we obalarymyzda buýsançly parlaýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygynyň aýratyn nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan özgerişleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermäge, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilýändigi örän buýsandyryjydyr. Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüşde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler geriminiň giňligi bilen häsiýetlenýär. Döwletli Diýarymyzda dabaraly bellenilip geçilýän toý baýramlar bolsa, şol ajaýyp üstünliklere, belent sepgitlere çuň many öwüşginini çaýýar.
Halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýar.
Myrat Ataýew, TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri
"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti
14.05.2026 ý