Esasy Kanun we Tug — berkararlygyň, asudalygyň, ösüşiň nyşany

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan özygtyýarly ösüşiň 35 ýyllyk toýuna barýar. Bu şöhratly ýolda türkmen halky döwletlilik ýörelgelerini gaýtadan dikeltdi we ony üstünlikli dowam etdirýär. Bu ýörelgeler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti paýhasy bilen häzirki zaman syýasatynda mynasyp orun eýeleýär. Türkmeniň nurana ýoly Esasy Kanunymyzdan başlap, ähli hukuk resminamalarynda giňden şöhlelenýär. Ol jemgyýetçilik durmuşynyň özenine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz bu hakda şeýle diýýär: «Kanunçylygyň, raýatlaryň hukuklarynyň, erkinliginiň berjaý edilişiniň, ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň kepili hökmünde Konstitusiýa aýratyn orun degişlidir. Döwletiň Konstitusiýasy döwletiň hukuk binýadyny emele getirýär, ol döwletiň we raýatlaryň esasy hukuklarynyň, borçlarynyň resmi beýanydyr».

Konstitusiýada halkyň öz ykbalyny kesgitlemäge bolan mizemez hukugy, ata-babalarymyzyň agzybir, parahat, oňşukly ýaşamak, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylyk baradaky ýörelgeleri beýan edilýär. Türkmenistanyň häzirki we geljekki ykbaly üçin jogapkärçilikden ugur alynýar. Milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamak, Garaşsyzlygy, özygtyýarlylygy, dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak maksat edinilip, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary kepillendirilip, jemgyýetde asudalygy, agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge çalşylyp, Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýanyň kabul edilýändigi beýan edilýär. Munuň özi berkarar döwletimiziň, milli jemgyýetimiziň maksatlaryny we meýillerini aýdyň ýüze çykarýan, gymmatly döwlet, hukuk, durmuş ýörelgelerimiziň, halkymyzyň häzirki hem geljekki ösüş ýolunyň mizemez esasy bolup durýar.

Konstitusiýamyzda beýan edilen syýasy, hukuk kesgitlemeleri bu günki gün halkymyzyň durmuşynda aýdyň şöhlelenýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde Konstitusiýamyzda kepillendirilen hukuklaryň we azatlyklaryň, parahatçylykly ösüş ýolunyň halkymyzy bagtyýar durmuşa ýetirendigi buýsançlydyr. Esasy Kanunymyz ähli ösüşlerimiziň gözbaşydyr.

Häzirki zaman dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryny içgin seljermek bilen, beýik hakykata göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň kemala getiren, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän döwletlilik ýoly dünýä ýüzünde gabat gelýän ösüş tejribeleriniň iň kämilleriniň biridir. Ösüş ugurlarynyň haýsy birini alsaň, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň örän oýlanyşykly alnyp barylýandygyna, durmuş-ykdysady maksatnamalaryň netijeli durmuşa geçirilýändigine, ruhy-aňyýet, medeni-ynsanperwer ýörelgeleriň kemala getirilýändigine göz ýetirmek bolýar. Döwlet, halk, jemgyýet düşünjeleriniň, geljegi nazarlaýan taryhy, nusgalyk ösüş tejribeleriniň gyşarnyksyz dowam etdirilmegi ýaşaýşyň zerur şertleriniň biridir. Munuň özi bütin adamzadyň hem ygtybarly geljeginiň kepilidir.

Ýurdumyzda halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň derwaýys wezipelerine, bu ugurda çözülmeli meselelere yzygiderli üns berlip, işjeň, döredijilikli syýasat alnyp barylýar. Bitirilýän işleriň ählisi halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hil taýdan has ýokarlandyrmaga, adamlary ruhy taýdan goldamaga, berkarar türkmen döwletiniň hukuk esaslaryna, ygtybarly syýasatyna, milli ideologiýanyň ynsanperwer mazmunyna çuňňur düşünmäge, mukaddes watançylyk duýgy-düşünjesi bilen ruhubelent ýaşamaga gönükdirilendir. Ösüşler, bitirilýän işler, beýik maksatlar hakda aýdanymyzda, olar berkarar döwletimiziň raýaty bolup ýaşamagyň, şöhratly ata-babalarymyzdan nesillere miras galan maddy, medeni, ruhy gymmatlyklaryň eýesidigiňe, milletiň mertebesini has-da beýgeltmäge goşant goşmagyň borjuna düşünmegiň mizemez esasy bolup durýar.

Türkmenistan dünýäniň energetika döwleti, senagatda, oba hojalygynda, aragatnaşykda, syýahatçylykda we beýleki ugurlarda mümkinçiligi uly bolan ýurt hökmünde halkara giňişlikde öz abraýly ornuny berkidip, ählumumy ösüşiň möhüm wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşýar. Ol hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly we jogapkärçilikli döwlet diýlip tanalýar. Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty yzygiderli, netijeli alyp barmak bilen, giň gerimli hyzmatdaşlyk ýörelgelerini kemala getirdi we olary döredijilikli ösdürýär. Özgerýän dünýäde ýurdy asuda saklamak, agzybirligi üpjün etmek, dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürmek üçin ägirt uly tagallalaryň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Halkara gatnaşyklarda syýasy taýdan hem, halkara hukuk babatda hem öňden dowam edip gelýän ygtybarly binýatlaryň özgerýändigini göz öňünde tutup, döwrüň çalt depginde üýtgeýän şertlerinde milli döwletiň berkararlyk binýatlaryny, kanunçylyk esaslaryny has-da berkitmegiň, kämilleşdirmegiň, ösdürmegiň zerurdygy äşgär ýüze çykýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynda bu möhüm wezipelere aýratyn üns berilýär. Halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigi, bu ugurda işjeňligiň artýandygy wezipelere çalt hem netijeli amal etmek zerurlygyny ýüze çykarýar. Türkmenistan bu babatdaky işlere üstünlikli amal edýär.

Ählumumy ösüşiň häzirki zaman şertleri ýagdaýlardan netijeli peýdalanmaga mümkinçilik açýar. Şunda bir ýagdaýa aýratyn üns bermek zerur. Halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde, geljege tarap ynamly hereket etmekde parahatçylyk we ynanyşmak, halkara hukugyň ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý etmek, hyzmatdaşlygy hukuk taýdan kepillendirmek iň esasy şertler bolup durýar. Bitarap Türkmenistan baý tebigy serişdeleri hem-de parahatçylyga we ynanyşmaga gönükdirilen daşary syýasaty esasynda hyzmatdaşlygyň özgerýän ugurlaryna öz mümkinçilikleri bilen işjeň goşulyşmakda möhüm orun eýeleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň aprel aýynda Awstriýa Respublikasyna sapary Türkmenistanyň Ýewropa yklymynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary halkara hyzmatdaşlygyň täze şertleri esasynda has giňden ösdürmäge mümkinçiliginiň uludygyny aýdyň ýüze çykardy. Energiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň wajyp wezipe bolup öňe çykýan ýagdaýlarynda energetika döwleti bolan Türkmenistanyň dünýäniň ykdysady giňişligindäki abraýly we möhüm ornuny ýene bir gezek görkezdi. Golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky uly wekiliýetiň ýurdumyza sapar bilen gelmegi we Mary welaýatyndaky «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirip başlamaga bagyşlanan dabaralara gatnaşmagy hem berkarar döwletimiziň dünýä ykdysadyýetindäki wajyp ornuny tassyklaýan waka boldy. Bu ägirt uly gaz taslamasyny ýerine ýetirmek barada Hytaýyň «CNPC Amudarya Petroleum Company LTD» kompaniýasy bilen «Türkmengaz» döwlet konserniniň arasynda şertnama gol çekilmegi Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleri bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde ýokary derejelere çykýandygyny, ösen tehnologiýaly, sanly ulgama esaslanýan önümçilikleri döretmekde ýurdumyzda zerur şertleriň bardygyny alamatlandyrýar. Şeýle möhüm wakalar Esasy Kanunynda diňe döwlet, halk bähbitli işleri kepillendirýän Watanymyzyň beýik ösüşler bilen öňe barýandygyny subut edýär.

Ýurdumyzdaky ösüşleriň çäklerinde Döwlet baýdagymyzyň we Konstitusiýamyzyň şanyna bilelikde tutulýan toý-dabaralaryň hem çuňňur manysy bar. Ýaşyl tugumyz döwletlilik ýörelgelerimiziň ähli many-mazmunyny özünde jemleýän milli buýsanjymyzdyr. Baýdakda her bir halkyň, her bir döwletiň taryhy, geçmişi, şu güni şöhlelenýär. Syýasy ýa ruhy jähetden alanyňda-da, halkyň maksat-niýetlerini aňladýan döwlet baýdagy hemişe öňe çykýan, belende galdyrylýan nyşandyr. Şonuň üçin her bir döwlet, her bir halk baýdaga uly sarpa goýýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy halkymyzy uly-uly ýeňişlere ruhlandyryjydyr. Halkymyz ýaşyl tugumyzy mukaddes saýýar. Muny aýratyn buýsanç bilen aýdyp bileris. Döwlet baýdagymyz berkarar türkmen döwletiniň egsilmez kuwwatynyň, parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň, merdana ata-babalarymyzyň çuň paýhasynyň, synmaz ruhunyň alamatydyr. Baýdagymyzy bezeýän zeýtun baldajyklary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň nyşany bolup durýar. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri we adamzadyň belent ideallary Konstitusiýamyzda-da, Döwlet baýdagymyzda-da öz beýanyny tapýar. Milli we ählumumy gymmatlyklar türkmen halkynyň geçmişine bolan buýsanjyny, geljege ynamyny alamatlandyrýar. Bu mukaddeslikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýörelgelerinde milli ruhuň aýdyň şöhlelenmesi bolup ýüze çykýar. Berkarar döwletimiziň parahatçylyk ýörelgesi hakynda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda şeýle belleýär: «Parahatçylyk güýçdür. Iň beýik güýç — ýaragda däl-de, diplomatiýada; gorky salmakda däl-de, özara düşünişmekde; bölmekde däl-de, birleşdirmekde. Parahatçylyk — bu çynlakaý ruhy-ahlak we ynsanperwer güýçdür».

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ähli ösüşleriniň gözbaşynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän iňňän oýlanyşykly, paýhasly, öňdengörüjilikli syýasat dur. Şol syýasat bolsa Esasy Kanunymyzdan, al-asmanda erkin parlaýan ýaşyl tugumyzdan güýç alýar.

Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty

“Türkmenistan” gazeti

16.05.2026 ý

 

 

TDP-niň Syýasy Geňeşi -