Anyk wezipeler kesgitlendi

Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň X hasabat-saýlaw konferensiýasy geçirildi. Oňa TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň işgärleri, ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Konferensiýada gün tertibindäki seredilmeli meseleler boýunça çykyş edenler hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda gazanylýan üstünlikler barada nygtaldy, öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylyp, özara sowal-jogap alşyldy.

TDP-niň welaýat komitetiniň XI hasabat-saýlaw konferensiýasy hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen konferensiýa partiýanyň syýasy geňeşiniň wekilleri, welaýat, etrap we şäher komitetleriniň işgärleri we partiýa agzalary gatnaşdylar. Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen başlanan konferensiýada gün tertibine laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň gazanýan okgunly ösüşleri, ýetilýän belent sepgitler barada buýsançly çykyşlar edilip, hasabat döwründe partiýanyň komitetlerinde we ilkinji guramalarynda alnyp barlan işlere seljerme berildi. Şeýle hem iş meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça hasabatlar diňlendi. TDP-niň welaýat komitetiniň, gözegçilik-derňew toparynyň täze düzümini, partiýanyň nobatdaky X gurultaýyna wekilleri saýlamak meselelerine seredildi. Gün-tertibindäki meseleler boýunça özara sowal-jogap alşyldy.

Konferensiýanyň dowamynda partiýa işjeňlerine TDP-niň welaýat komitetiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýörite habarçymyz.

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

21.05.2026 ý

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti -