Deňiz ýollary — dostluk ýollary

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejedäki abraýy belende galyp, dünýäniň syýasy giňişliginde, ykdysadyýetinde eýeleýän möhüm orny ýylba-ýyldan berkeýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna, netijede, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna gönükdirilendir. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan wakalar ajaýyp zamanamyzda biri-birine ulaşýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegi hem şolaryň biri boldy.

Hazar deňziniň üsti bilen üstaşyr ýük daşalyşyny üpjün etmekde dünýäde örän uly ähmiýete eýe bolup durýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan uly dabara bilen ilkinji ýüzüşine goýberilen «Gadamly» gämisiniň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan gurlan ilkinji gury ýük gämisidigi buýsandyryjy wakadyr. Gäminiň ýokary inženerçilik çözgütleri we gurnama işleri üçin berlen halkara şahadatnamalar bolsa onuň gurluşyk işleriniň dünýä hil derejesinde ýerine ýetirilendiginiň güwäsidir.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasynda eden taryhy çykyşynda gäminiň ýük göterijiliginiň 6 müň 100 tonna deňdigini, häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu gäminiň her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga ukyplydygyny belledi. Bu bolsa deňiz ýollary arkaly gury ýükleri daşamakda ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da ösdürilýändiginden hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag-logistika ulgamynyň täze derejelere çykýandygyndan habar berýär. Geljekde hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ýük dolanyşygynyň yzygiderli artmagy, şeýle-de täze gämileriň gurulmagy bilen, ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň has-da kuwwatlanjakdygyny ynam bilen aýtsa bolar.

Asyrlaryň dowamynda halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidip, medeniýetleri ýakynlaşdyran, özara bähbitli söwda gatnaşyklaryny artdyrmakda möhüm orna eýe bolan Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmekde taýsyz  tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz hemişe dillerimiziň senasydyr.

Aýjemal Ýagşymämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri

"Balkan" welaýat gazeti

28.05.2026 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti -