Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýörite işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Guramasyna başlyklyk etmeginiň konsepsiýasyna laýyklykda, bu ýyl ýurdumyzda möhüm duşuşyklaryň we iri çäreleriň, şol sanda medeni, bilim, ykdysady ulgamdaky gatnaşyklary guramagyň özboluşly guralyna öwrülen forumlar üstünlikli geçirilýär. Ine, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 22-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem oňyn hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge gönükdirilen forumlaryň birine öwrüldi. Arkalaşygyň ýurtlarynyň wekiliýetlerini Aşgabada jemlän bu Geňeşiň mejlisi paýtagtymyzdaky «Garagum» myhmanhanasynda, halkymyzyň myhmansöýerlik ýörelgelerine laýyklykda, ýokary guramaçylykly geçirildi.
Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde üstaşyr ulag arabaglanyşygyny ösdürmek, energetika, senagat hyzmatdaşlygy, sanly özgertmeler, azyk howpsuzlygy, suw-ekologiýa gün tertibi ýaly ugurlarda tagallalary utgaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Forumyň dowamynda maslahat-sergi işi, senagat toplumynyň pudaklarynda sanly özgertmeler ýaly birnäçe ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Forumda 2026-njy ýyla çenli döwür üçin GDA agza döwletleriň geodeziýa, kartografiýa, giňişlik maglumatlary, geoinformasiýa tehnologiýalary, Ýeriň uzakdan zondlanmagy, kadastr hasaba alnyşy we gozgalmaýan emläge bolan hukuklary hasaba alnyşy boýunça hyzmatdaşlyk boýunça Döwletara maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi baradaky hasabatyň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine şaýatlyk edýär.
Aşgabat forumynda tassyklanylan resminamalaryň biri hem GDA-nyň 2030-njy ýyla çenli maslahat-sergi işleriniň strategiýasy bolup, onuň esasy maksady GDA agza döwletlerinde maslahat-sergi işleriniň toplumlaýyn ösüşini üpjün etmek, olaryň milli ykdysadyýetleriniň durmuş-ykdysady we innowasion ösüşine goşant goşmakdyr. Forumda Dag-magdan we metallurgiýa senagatynda sanly özgertme konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça hereket meýilnamasy hem tassyklanyldy.
Forumda GDA agza döwletleriniň çäklerinden geçýän esasy ulag ýollarynyň integrasiýa konsepsiýasyna hem gol çekildi. Ol GDA ulag ulgamyny ösdürmegiň maksatlaryny we ugurlaryny kesgitleýär we çalt, howpsuz we tygşytly ulag gatnawyny üpjün edýän GDA-nyň bitewi ulag ulgamyny döretmegi maksat edinýär. Konsepsiýanyň kabul edilmegi Arkalaşygyň döwletleriniň çäklerinden geçýän ulag ýollarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny we halkara ýük daşaýjylar we maýadarlar üçin özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin şertleri döreder. GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň netijeleri Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde oňyn netijeleri berer. Nesip bolsa, şu ýylyň 9-njy oktýabrynda Hazaryň ajaýyp kenarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi hem Arkalaşygyň giňişliginde möhüm waka bolup, özara ynanyşykly hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga täze itergi berer.
Röwşen Gulow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
28.05.2026 ý