Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz uly ösüşlere eýe bolýar. Halkymyzyň durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Küren tutar gözel ili türkmeniň» diýen arzuwy bu gün Garaşsyz Diýarymyzda hasyl bolýar. Soňky ýyllarda döwrebap täze şäherçeler gurlup ulanylmaga berilýär. Mary welaýatynyň Döwletli zaman şäherçesi bu gün behişdi mekany ýadyňa salsa, Wekilbazar, Türkmengala, Sakarçäge etraplarynda täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem welaýatyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden bu Karary welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda ýokary ruhubelentlik, çäksiz hoşallyk, buýsanç duýgularyny döretdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu şanly waka Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparynda Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna ak pata berdi. Täze şäherçede jemi 4 müň 500 sany, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu döwrebap şäherçede her biri 720 orunlyk orta mekdepleriň 6-syny, her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 8-sini gurup ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Täze şäherçäniň çäginde hassahana hem-de iki sany saglyk merkezini gurmak hem meýilleşdirilýär.
Elbetde, täze şäherçäniň gurluşygyna berlen ak pata «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň biri bolup, guwanç duýgusyny döretdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-gün bähbitli tagallalarynyň uly üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Şanly ýylymyzyň iri möçberli tutumly işleri rowaç alyp, olar halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär.
Şol buýsançly wakanyň yzysüre il-günümize ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolmak bagty miýesser etdi. Has takygy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy alyslara ýaň saldy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 3-nji tapgyry ulanmaga berildi. Şeýlelikde, ýoluň Mary — Türkmenabat bölegini goşmak bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 600 kilometre deň boldy. Sürüjilerdir ýolagçylar üçin ähli şertler döredilen bu ýoluň ulanmaga berilmegi ak şäherimiz Aşgabat bilen güneşli Diýarymyzyň gündogar sebitleriniň arasyndaky ýük we ýolagçy gatnawlarynyň tizligini ýokarlandyryp, hil taýdan täze derejelere çykarmaga mümkinçilik döredýär. Ýokary tizlikli täze ýol üstaşyr-ulag ulgamynyň täze derejelere çykmagynda-da, Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmeginde-de, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň halkara abraýynyň artmagynda-da uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty netijesinde, halkara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykýar. Dünýäniň dürli döwletleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer taýdan hyzmatdaşlyk giňelýär. Bu babatda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň işjeň häsiýeti bellärliklidir. Ýurdumyzyň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden bu dostlukly döwlet bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy. Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen HHR-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk dürli ugurlar boýunça netijeli ösdürilýär.
Muňa 2007-nji ýyldan häzirki döwre çenli iki dostlukly döwletleriň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 20 esse artandygy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Aýratyn-da, nebitgaz pudagy boýunça Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryň özboluşly baý tejribesi toplanyp, bu ugurdaky gatnaşyklar has-da çuňlaşdyrylýar. Aprel aýynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary derejeli wekilleriniň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň 4-nji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi hem aýdylanlara şaýatlyk edýär. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy bilen ýüzlerçe täze iş orunlary dörär. Ýurdumyzda harytlyk tebigy gazyň öndürilişi we daşary bazarlara ugradylýan möçberi artar. Netijede, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanar.
Halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarlanmagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Kakageldi Gurbanow, TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy
“Watan” gazeti
02.06.2026 ý