Depgin ýokarlanýar

Babadaýhan etrabynyň Ý.Gurbanow adyndaky daýhan birleşigi boýunça 10 müňden gowrak meýdanda ak bugdaýyň bereketli hasyly ýetişdirilip, häzirki günlerde galla oragy gyzgalaňly dowam edýär. Daýhan birleşiginiň Annadurdy Gulakow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 17-nji toparynda işleriň depgini barha ýokarlanýar.

Möwsümiň ilkinji günlerinden öňdeligi elden bermän gelýän agzalan toparyň kärendeçileriniň yhlasy ýerine düşýär. Çarymyrat Omarow, Gülşat Atajanowa, Ogulbehişt Saparowa, Maksatmyrat Mämmedow, Nurmämmet Akmyradow ýaly kärendeçiler degişlilikde 10; 12; 15; 13; 11 gektar kärende ýerlerinden 35 sentnerden 60 sentnere çenli hasyl almagy başardylar. Olaryň orak möwsüminiň ilkinji günlerinde gazanan zähmet ýeňişleri köpleri begendirdi.

Möwsümde 20 müň 300 tonnadan gowrak ak bugdaýy ýygnap, şanly ýylymyzy zähmet üstünligine beslemegi maksat edinýän daýhan birleşiginiň ak ekin ussatlarynyň şu ýylky ýetişdiren hasyllaryndan göwünleri hoş. Arzyly sepgide ýetmek üçin çekilýän joşgunly zähmetiň netijesinde döwlet tabşyryklaryny artygy bilen ýerine ýetirýän kärendeçileriň hem-de toparlaryň sany gün-günden artýar.

Şageldi Baýramow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň başlygy

"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

11.06.2026 ý

TDP-niň Ahal welaýat komiteti - TDP-niň Babadaýhan etrap komiteti