Türkmen aýdym-saz sungatynda öz ýoluny döredip, halkyň aňynda ömürlik yz goýan bagşylar barmak büküp sanardan köp. Olaryň aýdan aýdymlary, çalan sazlary, ýerine ýetiren dessanlary ýyllar aşyp, aýdym-saz söýüjiler tarapyndan mydama söýlüp diňlenilýär.
Oraz Salyryň ady meniň aňyma heniz körpeje çagakam ýazyldy. Howlymyzyň bir çetinde ösüp oturan äpet tut agajynyň kölegesinde gurjaklarym bilen oýnap otyrdym. Mydama ýazylgy durýan gülli keçäniň üstünde kakam goňşymyz bilen gök çaý içýärdi. Olar gök çaýyň humaryna radioda berilýän «Altyn toprak» radiogepleşigini diňleýärdiler. Birdenem, alyp baryjy Oraz Salyryň ýerine ýetirmeginde aýdym yglan etdi. Şonda kakam tirsekläp oturan ýassygyny süýşürip dikeldi-de: «Oraz Salyr hakdan içen bagşydyr» diýdi. Soňam aýdym gutarýança, şol oturyşyna, käýarym baş atyp, aýdymy lezzet bilen diňledi. Meniň çaga beýnim «hakdan içeniň» nämedigine aň etmese-de, kakamyň bolup oturşyndan aýdymy aýdýanyň ýöne bir bagşy däldigine düşünipdim.
«Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, 1876-njy ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda dünýä inen Orazyň kakasy Mäti aga, agasy Çerkez hem öz döwründe halk tarapyndan söýlüp diňlenilýän bagşylar bolupdyr. Oraz heniz çagaka, saz çalmagyň, aýdym aýtmagyň ilkinji tälimlerini öz kakasyndan öwrenýär. Onuň aýdym-saz sungatynyň ussady bolup ýetişmeginde agasy Çerkez bagşynyň hem mynasyp goşandy bar. Oraz ilki dilli tüýdük, soňra gargy tüýdük çalmagy öwrenýär. Aýdýan aýdymlaryny hem şol saz gurallarynyň gapdaly bilen ýerine ýetirýär. Meşhur tüýdükçileriň sazandarlyk etmeginde aýdym aýdyp, halkyň arasyna çykyp başlaýar. Soň-soňlar ol dutar çalmagy ymykly öwrenip, aýdymlaryny dutara goşup aýdyp başlaýar. Öz döwrüniň ussatlary Şükür bagşy, Amangeldi Gönübek, Täçmämmet Suhangulyýew ýaly il arasynda belli bagşylar bilen tanşyp, olar bilen aragatnaşyk saklamagy Oraz bagşynyň has-da kämilleşmegine ýol açýar. Şeýlelikde, Oraz adynyň yzyna «Salyr» lakamy goşulyp, kem-kemden onuň Oraz Salyr ady halk arasynda ýörgünli ada öwrülýär.
Geçen asyryň başlarynda onuň ýerine ýetiren «Nowgül», «Kelte gyrk», «Köne güzer», «Meýlis halan», «Dat ýar» ýaly aýdymlary ýazga geçirilipdir. Aýdym-saza teşne türkmen halky onuň şirin owaz bilen ýerine ýetiren aýdymlaryny uly lezzet bilen diňleýär. Oraz Salyryň aýdymlary 1926-njy ýylda türkmen saz sungatyny öwrenmäge gelen rus alymy W.A.Uspenskiniň hem ünsüni özüne çekipdir. Alym onuň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdymlary nota geçiripdir. Uspenskiý Oraz Salyryň aýdymlaryny gaýta-gaýta diňläp, onuň ýerine ýetiriş ussatlygyna beýik baha beripdir.
Oraz Salyr Sahy Jepbarowyň we Täçmämmet Suhangulyýewiň ýolbaşçylygynda döredilen aýdym-saz toparynda birnäçe ýyllap zähmet çekýär. Onuň ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdymlarynyň ençemesi Moskwa şäherinde ýazga geçirilýär. 1938-nji ýylda aýdym-saz sungatynda bitiren işlerini göz öňünde tutup, Oraz Salyra ilkinjileriň hatarynda «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen at dakylýar. Bagşy birnäçe şägirtleri ýetişdirip, olaryň sungat ýolunda öz mynasyp ornuny tapmagyna ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek, onuň şan-şöhratyny dünýä tanatmak ugrunda alyp barýan beýik işleriniň netijesinde, häzirki döwürde halypa-şägirtlik ýoluna aýratyn üns berilýär.
Türkmen sungatyny nesilden-nesle geçirmek, onuň at-owazasyny dünýä ýaýmak ugrunda beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Kümüş Mätniýazowa, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň bölümçe müdiri
"Watan" gazeti
16.06.2026 ý