Dost-doganlyk ýoly bilen

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýäniň beýleki döwletleri bilen dost-doganlyk, özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär.

Medeniýet ulgamynda gazanylan üstünlikler sungatyň dürli görnüşlerini gaýtadan dikeltmäge, ösdürmäge, şeýle-de giň halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam berýär. Bu ugurda gazanylan üstünlikleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen halkara festiwallar, sergiler, bäsleşikler, Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Biziň şöhratly taryhymyz, medeniýetimiz, milli mirasymyz dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döredýär. “Gadymy Merw”, “Nusaý”, “Köneürgenç” taryhy ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. “Görogly” şadessany, dessançylyk sungaty, “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty”, “Küştdepdi, aýdym we tans dessury”, “Türkmeniň milli halyçylyk sungaty”, “Türkmeniň milli keşdeçilik sungaty”, “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” bolsa ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda orun aldy. Bu bolsa ýaş nesillerimiziň kalbynda pederlerimizden şu günlere gelip ýeten gadymy dessurlarymyza söýgi döretmekde, buýsançly taryhymyzy giňden wagyz etmekde aýratyn ähmiýetlidir.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: “Medeniýet halkyň kalbydyr”. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni her ýylyň 27-nji iýunynda giňden bellenilýär. Bu senä gabatlanyp, ýurdumyzda her ýyl Medeniýet hepdeligi dabaraly geçirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýy belleniljek — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçiriler.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň Medeniýet günleri ýylyň dowamynda dünýäniň dürli doganlyk ýurtlarynda geçirilýär. 2026-njy ýylyň iýun aýynyň 4 —6-sy aralygynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu bolsa iki döwletiň dostlukly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýakyndan ýardam berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmeniň medeniýeti, kalby dünýä döwletleri üçin giňden açylýar. Çünki, biziň ýurdumyz parahatçylygyň, dostlugyň, doganlygyň, ynsanperwerligiň, ynanyşmagyň, medeniýetiň gülläp ösýän ýurdy.

Tawus Gylyjowa, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

18.06.2026 ý

 

TDP-niň Mary welaýat komiteti - TDP-niň Wekilbazar etrap komiteti