Halkymyzy çäksiz buýsandyran waka

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademiklige saýlanylmagy hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň dakylmagy milli ylym ulgamynyň taryhynda möhüm waka boldy. Munuň özi, ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiziň döwlet dolandyrylyşynda, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini üpjün etmekde, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de syýasy durnuklylygy pugtalandyrmakda gazanan uly üstünlikleriniň ylmy jemgyýetçilik tarapyndan ýokary baha eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysady özgertmeleriň giň gerimli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ulag-logistika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, telekeçiligi goldamak we eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Bu ugurlarda gazanylýan üstünlikler ykdysady ylymlaryň nazary esaslarynyň durmuşda netijeli ulanylýandygyny görkezýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty, Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygy we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky başlangyçlary ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki ornuny has-da berkidýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akademiklige saýlanylmagy we professor alymlyk adyna mynasyp bolmagy örän buýsandyryjydyr. Bu ýokary derejeler döwlet Baştutanymyzyň ylma, bilime we innowasion ösüşe berýän uly ünsüniň nobatdaky beýanydyr, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine, ylmy esasly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşýan ägirt uly goşandynyň ykrar edilmegidir.

Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan işleri mundan beýläk-de üstünliklere beslensin!

Söhbetgylyç Gylyjow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Esenguly etrap komitetiniň başlygy

"Balkan" welaýat gazeti

18.06.2026 ý

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Esenguly etrap komiteti