Ulag-logistika mümkinçilikleri — geljegiň bähbidine

Taryhda ýurdumyzyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly halklaryň arasynda dost-doganlygy, söwda gatnaşyklaryny berkitmekde wajyp wezipäni ýerine ýetiripdir. Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz täze ulag-kommunikasiýa desgalaryny gurup, bu taryhy ýoly gaýtadan dikeldýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary giň gerim bilen gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. Bu babatda Balkan welaýatyna hem uly orun degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň, şol sanda Balkan welaýatynyň logistik mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, Türkmenbaşy we Balkanabat Halkara howa menzilleriniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň işini talabalaýyk alyp barmagyň möhümdigini nygtaýar. Mälim bolşy ýaly, döwletimiziň milli ulag strategiýasy asyrlaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek çemeleşmesine esaslanýar. Häzirki zaman şertlerinde bu yklymüsti ulag geçelgesi Türkmenistanyň we sebitiň beýleki ýurtlarynyň ählumumy ulag ulgamyna goşulyşmagy arkaly olaryň uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, hereket edýän ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny giňeltmäge, täzelerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy halkara ähmiýetli iri ulag merkezi hökmünde döwletimiziň ornuny pugtalandyrýar.

Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça hereket edýän halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça Eýranyň, Omanyň, Kataryň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Hökümetleriniň arasynda Ylalaşyk (Aşgabat Ylalaşygy), üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy hakynda “Lapis Lazuli” ylalaşygy, şeýle-de Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol geçelgesi iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça düýpli özgertmeleriň amala aşyrylandygynyň aýdyň beýanydyr. Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesiniň (TRACECA) çäklerinde multimodal ulag düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler durmuşa geçirilýär.

2025-nji ýyl Watanymyzyň senenamasyna ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilen ýyly hökmünde girdi. Geçen ýylyň maýynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ilatynda aýratyn hoşallyk duýgusyny döretdi. Onuň gurluşygy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalardyr öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi. Täze howa menziliniň ulanmaga berilmegi ýolagçy gatnatmagyň, ýük daşamagyň ýokary derejede amala aşyrylmagyny üpjün edip, sebitde häzirki zaman üstaşyr ulag üpjünçilik ulgamyny döretmekde möhüm ädim boldy.

Parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Türkmenistanyň ýol-ulag düzüminde häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. Eziz Diýarymyzda täze awtomobil ýollarynyň, köprüleriň yzygiderli gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Geçen ýylyň noýabrynda hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 207 kilometr bolan Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň düýbüni tutmak we Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän, umumy uzynlygy 354 metre deň bolan awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Döwrebap köpri ýurdumyzyň içerki ýol-ulag ulgamyny kämilleşdirmek bilen bir hatarda, halkara ulag geçelgelerini döretmek arkaly Türkmenbaşy hem-de Garabogaz şäherlerini Gazagystan bilen birleşdirýär. Şeýle-de ol Merkezi Aziýanyň ygtybarly awtomobil ýol ulgamynyň bir bölegi bolmak bilen, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Eýranyň, Hindistanyň deňiz, demir ýol, awtomobil ulaglary arkaly daşaýjylar üçin Demirgazyk we Günbatar Ýewropa ýurtlaryna çykmakda ykdysady taýdan netijeli ugur bolup hyzmat edýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ulag ulgamynda möhüm halka hasaplanýan Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýeti hem barha artýar. Onuň düzümine nebit guýujy, parom, ýolagçy we ýük terminallary girýär. Port Hazar deňziniň üsti bilen üstaşyr ýük daşalyşyny yzygiderli üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ýükleri demir ýol arkaly Hazaryň kenaryna gelýär, şol ýerden bolsa goňşy döwletlere ugradylýar. Munuň özi Türkmenistanyň «deňiz derwezesiniň» sebit derejesindäki strategik ornuny pugtalandyrýar. Şu ýylyň 8-nji maýynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisiniň ilkinji halkara ýüzüşine ak pata berilmegi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň senenamasynda ähmiýetli wakalaryň biri boldy. Gäminiň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde öz hünärmenlerimiz tarapyndan gurulmagy bizi örän buýsandyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ilkinji gezek ýüzüşe goýberilen «Gadamly» gury ýükleri götermäge niýetlenip, onuň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deňdir. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen gämi 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga ukyplydyr. Hazarýaka ýurtlara yzygiderli gatnawy amala aşyrjak gäminiň ilkinji ýüzüşiniň Baku Halkara deňiz söwda portundan başlanmagy bolsa türkmen-azerbaýjan ulag-logistika hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetinden, özara düşünişmegiň ýokary derejesinden nyşandyr. Şu ýylyň dowamynda «Menzil» atly ýene bir ýük gämisi hem ulanmaga berler. Ýurdumyzda döwrebap ýük gämileriniň ulanmaga berilmegi milli deňiz-söwda flotunyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge uly goşantdyr.

Ýeri gelende, Aziýanyň hem-de Ýewropanyň çatrygynda, Hazarýaka sebitde ýerleşýän Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň amatly geografik ýerleşişini nazara almak bilen, üstaşyr ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň strategik ugry bolup durýandygyny nygtamak gerek. Şu ýylyň 22-23-nji iýunynda hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäginde doganlyk ýurt tarapyndan Türkmenistana «Dostluk» nebit tankeriniň sowgat berilmegi-de saparyň many-mazmunyny baýlaşdyran möhüm waka öwrüldi. Kuwwaty 8 müň tonna çenli ýüki daşamaga mümkinçilik berýän döwrebap gämi nebit we nebit önümlerini daşamaga niýetlenip, Hazar deňzinde ýokary tizlikde hereket etmäge ukyplydyr.

Balkan welaýatynda ulag ulgamy babatda amala aşyrylýan tutumly işler Diýarymyzyň günbatar sebitiniň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, täze iş orunlaryny döretmek arkaly ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga goşant goşmakda uly ähmiýete eýedir. Bularyň ählisi Hazar sebitinde durnukly ulag-logistika ulgamynyň kemala getirilip, üstaşyr geçýän ugurlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ugrunda täze mümkinçilikleriň açylýandygyna güwä geçýär. Şeýle asylly işleriň sakasynda durup, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda irginsiz tagalla edýän hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys.

Guwanç Çendirow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty

"Türkmenistan" gazeti

08.07.2026 ý

TDP-niň Balkan welaýat komiteti -