Geljegiň we ýaşlaryň şäheri

Ýurdumyzda adam we onuň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladanyň netijesinde  örän uly işler durmuşa geçirilýär. Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak meselesi döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Binagärlik we şähergurluşyk işini döwrüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirmekde, ýokary derejelere ýetirmekde amala aşyrylýan işler guwandyryjydyr. Ajaýyp zamanamyzda halkymyzyň röwşen geljegine, eşretli, bagtyýar durmuşyna gönükdirilen ajaýyp işleriň biri-de gojaman Köpetdagyň eteginde peýda bolan Arkadag şäheridir. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň esasynda gurlan bu şäher täze taryhy döwrüň beýik eseridir. Ak mermere beslenen, belent ymaratly şäheriň keşbinde milli ruhumyzyň ýeňşi, geljegiň şan-şöhraty şöhlelenýär.

Ýaş nesil halkymyzyň röwşen geljegidir. Şonuň üçin ýaşlaryň durmuşyna örän uly ähmiýet berilýär. Olaryň ylym-bilimli, ruhubelent, watansöýüji, kämil hünärli bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadag şäheri hem ýaşlarymyz bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ajaýyp, «akylly» şäher ýaşlaryň şäheri bolmak bilen, bu ýerde olaryň ornunyň uludygy, täze-täze mümkinçilikleriň açylýandygy örän buýsandyryjydyr. Ýaşamaga, işlemäge, dynç almaga amatly Arkadag şäherinde ylym-bilim alýan, zähmet çekýän ýaşlar jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýarlar. 

Goý, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolup, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Ruslangylyç Tuwakow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Etrek etrap komitetiniň başlygy

"Balkan" welaýat gazeti

09.07.2026 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti - TDP-niň Etrek etrap komiteti