ARZUWLARYŇ WYSAL BOLÝAN ZAMANY

Bagtly döwletde arzuwlar hemişe wysal bolýar. Bu günki gün pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda eden arzuw-islegleri amala aşdy. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy garaşsyz, özbaşdak döwletli bolmak arzuwyny öz eserlerinde beýan edip, halkymyzy agzybirlige, bir döwlete gulluk etmeklige çagyrypdyr. Berk binýatly garaşsyz Watanly bolmagy arzuwlapdyr. Bu misilsiz hakykata biz şahyryň eserler diwanyny elimize alanymyzda, has içgin göz ýetirýäris.

Onuň şygyrlarynda türkmeniň garaşsyz döwlet gurmagynyň zerurlygy, sebäpleri, peýdalary we halkyň parahat ýaşaýşyna ýetirjek oňaýly täsirleri dogrusynda diýseň çeper, manyly we maňyzly beýan edilýär. Magtymguly Pyragy ölmez-ýitmez şygyrlarynyň üsti bilen garaşsyz, özbaşdak döwleti gurmaklygyň zerurlygyny halka düşündirip, oňa ýetmek üçin edilmeli işler barada aýratyn aýdyp geçipdir. Munuň üçin, ilkinji nobatda, agzybirligiň zerurdygyny nygtapdyr.

Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy — Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz!

Bu setirlerden türkmenler bilini bir ýere baglasa, maksadyny bir tutsa, bilelikde göreşse, aşyny bir suprada taýýar kylsa, onuň öňünde hiç hili päsgelçiligiň bolup bilmejekdigi, ähli maksatlarynyň-da hökman amala aşjakdygy baradaky pikir, ynam we arzuw syzylyp çykýar.

Söz ussadynyň türkmen halkynyň bitewi döwlet gurmak taglymyny «Türkmeniň» atly meşhur goşgusy has-da dabaralandyrýar:

Köňüller, ýürekler bir bolup başlar,
Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar,
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göteriler ol ykbaly türkmeniň —

diýip, şahyr döwrüň keç ykbalyndan dynmagyň ýeke-täk çäresiniň birleşmekdigini, bir başa gulluk etmekdigini kesgitli orta atýar.

Magtymguly Pyragy türkmen halkyna garaşsyz, özbaşdak döwlet gurmaklygyň diýseň zerurdygyny düşündirip, oňa ýetmek üçin amala aşyrylmaly ähli işler dogrusynda gürrüň berip, onuň oňyn çözgüdini-de aýdyp gidipdir. Şeýle içgin we çynlakaý meseläni gozgan şahyryň edebi mekdebinde kemala gelen Kemine, Seýdi, Zelili, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlarymyz hem ondan nusga we görelde alyp, şu mazmundaky şygyrlary bilen halka ýüzlenipdirler.

Bu sözler diňe bir Magtymgulynyň sözi däl. Ol şol döwürlerde tutuş türkmen halkynyň aglaba böleginiň isleg-arzuwydy. Akyldar şahyrymyz bolsa beýle wajyp pikiriň örüsini has giňeltmek üçin olary ajaýyp eserlerine, söz sungatynyň güýji bilen halkyň ýüregine siňdiripdir. Milli birlik hakynda şeýle çuňňur düşünen söz ussady birleşmek, bir bitewi döwlet gurmak baradaky sözlerini diňe öz adyndan däl, tutuş halkyň adyndan aýdandygyny «Türkmeniň» goşgusynyň soňunda mälim edýär:

Gözüm gaýra düşmez, köňül eglenmez,
Magtymguly — sözlär tili türkmeniň.

Magtymguly — türkmeniň ýüzi, onuň pikiri — türkmeniň pikiri. Hawa, häzirki wagtda biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň eşretlerinden peýdalanyp, ruhlanyp ýaşaýarys. Biz hemişe Magtymguly Pyragynyň aýdan her sözüni kalbymyzda besleýäris, her pursatda ondan goldaw alýarys we her bir meselede çözgüt tapýarys.

Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyz bu günki gün türkmen halkyny eşretli zamananyň gujagynda ýaşadýar. Beýik söz ussadynyň çoh garaşan berkarar döwletine baş bolup, hormatly Prezidentimiz il bähbitli, ýurt ähmiýetli işlerinde agzybirligiň, asudalygyň, Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň binýadyny berkden tutýar. Ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç bolsun!

Jemal Gulbaýewa, TDP-niň Görogly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

08.12.2022 ý

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Görogly etrap komiteti