Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde geçirilen hoşallyk maslahaty etrabyň çäginde häzirki zaman suw göteriji beketleriniň gurlup ulanylmaga berilmeginiň şanyna guraldy. Welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçen maslahata edara-kärhanalaryň işgärleri, oba zähmetkeşleri, dili senaly ýaşulular, mährem eneler we bagtyýar ýaşlar ruhubelentlikde gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak, suw hojalyk pudagyny ösdürmek we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrunda durmuşa geçirýän işleri dogrusynda söz açdylar, şeýle-de Gökdepe etrabynyň çäginde täze suw göteriji beketleriniň birbada ikisiniň açylyp, işe girizilmeginiň bu ugurdaky tagallalaryň subutnamasydygyny buýsanç bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, täze gurlan 21-nji we 22-nji suw göteriji beketler oba hojalyk ekinleriniň suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Täze beketleriň gurluşygynda iň gowy dünýä tejribesiniň ulanylmagy, desgalary dolandyrmak üçin döwrebap sanly awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, işgärler üçin ähli amatlyklary bolan iş we dynç alyş şertleriň döredilmegi has-da begendirýär.
Ruhubelentde geçen hoşallyk maslahatyna gatnaşanlar ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Hoşallyk maslahaty medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna sapdy. Belent ruhly sungat çykyşlary Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň, ajaýyp döwrümiziň, asuda durmuşymyzyň, bagtyýar halkymyzyň joşgunly waspy kalplara ornady.
Nurjahan Hojaýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
09.07.2026 ý