Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy ösüşleriniň, demokratik-hukuk özgertmeleriniň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda kabul edilen «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunda şeýle diýilýär: «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetirmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredilýär».
Mälim bolşy ýaly, bu Konstitusion kanunda kesgitlenen wezipeleriň berjaý edilmegini üpjün etmekde, jemgyýetçiligiň bähbitlerini döwlet derejesinde öňe sürmekde we goramakda her ýylda geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisiniň ornunyň has ýokarlanandygyny, halkyň ynamyny we goldawyny gazanandygyny aýratyn belläp geçmelidiris. Çünki bu umumymilli foruma halkyň ynam bildirýän, düşünjeli, abraýly wekilleri giňden gatnaşýarlar. Ýaşuly nesliň, zähmetde, döredijilikde, ylym-bilimde deň-duşlaryna görelde bolýan ýaşlaryň ençemesiniň bir ýere jemlenip, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, öňde durýan wezipeler, bar bolan ägirt uly ruhy we ykdysady mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak hakynda pikir alyşmaklary ösüşlerimize täze itergi berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwrüň hem wagtyň synagyndan geçen, milli demokratiýanyň döwrebap ýüze çykmasy bolmak bilen, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda pugta orun alan, halkyň bähbitlerine hyzmat edýän ýokary wekilçilikli edaradyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň esasy jemgyýetçilik-syýasy düzümi bolan Halk Maslahatynyň, şeýle hem welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, döwlet bilen halkyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklary syýasy, hukuk, jemgyýetçilik taýdan döwrebaplaşdyrmak boýunça oýlanyşykly işlenen möhüm özgertmeleri durmuşa geçirýär. Şeýle özgertmeleriň netijesinde Halk Maslahaty döwletiň we jemgyýetiň ösüşleriniň ruhlandyryjy, ugrukdyryjy guramaçylyk güýjüne öwrüldi. Milli Liderimiziň paýhasly belleýşi ýaly, döwlet ähmiýetli soraglary çözmek, ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalary ýerine ýetirmäge halk köpçüligini giňden çekmek, teklipleri işläp taýýarlamak, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine ýardam bermek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady we esasy wezipesidir.
Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň maksatlary diňe bir içerki jemgyýetçilik-syýasy, demokratik-hukuk özgertmeler bilen bagly bolman, eýsem, olar Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýly ornuny has-da berkitmäge, parlamentara dialogy, medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge we beýleki ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmäge hem gönükdirilendir. Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgeleriniň halkara hyzmatdaşlygyň hemme ugurlarynda berk orun almagy hoşniýetli däpleriň, ynsanperwer gymmatlyklaryň ykrar edilmegi, ýurdumyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde tutýan ýolunyň döwlet syýasatynyň anyk ugry hökmünde dünýäde goldanylmagy babatda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri täze taryhy döwrümiziň altyn sahypalary bolup, garaşsyz ösüşimiziň şanly ýyl ýazgysynda aýratyn orun alýar.
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň esasy sebäpleriniň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgelerinde halkyň milli ruhy durmuşyndaky aýratynlyklara uly üns berilýändigi bolup durýar. Halkyň ruhy dünýäsine, göwün islegine ýakynlyk, adamlaryň isleg-arzuwlaryna düşünmäge çalyşmak, gözellige, ýagşylyga, asylly maksatlara ymtylmalaryna goldaw bermek döwletlilik ýörelgeleriniň many-mazmunynda çuň orun alandyr hem-de bu çemeleşme halkyň kalbyna barýan ýoluň baş ugrudyr. Bu hakda söz açylanda, ýurdumyzda her bir ýyly halkyň ruhuna, ýüregine ýakyn atlar bilen atlandyrmagyň ajaýyp däbe öwrülendigini aýratyn bellemek bolar. Munuň özi milletimize mahsus bolan gymmatlyklaryň derejesini has belende galdyrmaga, dünýä ýaýmaga mümkinçilik berýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy diňe bir döwlet syýasatynyň ýene bir möhüm ugruny wagyz etmek däl-de, eýsem, halkara gatnaşyklara oňyn täsir edýän, her bir adamda tebigy gözelliklere höwesi artdyrýan, milli gymmatlyklara bolan garaýşy çuňňur açyp görkezýän örän manyly çäredir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň golaýda geçirilen mejlisinde eden çykyşynda şu ýylyň bedew bilen baglanyşykly atlandyrylmagy mynasybetli ýurdumyzda we halkara derejede geçirilýän çäreler barada giňişleýin durup geçdi. Şol çäreleriň hatarynda ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda, Özbegistanda, Hytaýda, Azerbaýjanda, Türkiýede ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilen halkara festiwallary, çempionatlary, gözellik bäsleşiklerini we beýleki köpçülikleýin çäreleri görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyz agzalan ýurtlaryň köpüsinde saparda bolanda atlar we atçylyk sungaty bilen bagly çärelere gatnaşyp, atşynaslar hem-de bu ugruň hünärmenleri bilen duşuşyp, pikir alyşdy. Biz bu hakda aýtmak bilen, Milli Liderimiziň syýasy paýhasynyň iňňän ýitidigini ýene bir gezek nygtamagy zerur hasaplaýarys. Daşary ýurtly meşhur syýasatçylaryň, döwlet, hökümet baştutanlarynyň Gahryman Arkadagymyza tejribeli syýasatçy, öňdengörüji ýolbaşçy, öz halkynyň bagtyýar durmuşy üçin ömrüni bagyşlan paýhasly şahsyýet hökmünde ýokary baha berýändiklerine köpler şaýatdyr. Şunuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň her bir söhbetdeşini, uly auditoriýalary düýpli delillendirilen çykyşlary, gyzykly, täsin maglumatlary bilen özüne çekip bilýän ussatdygyny hem aýratyn bellemelidiris. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň paýhasly syýasatçy hökmündäki baý tejribesi netijesinde türkmen halkynyň gymmatly mirasy halkara giňişlikde hakyky beýik derejesine eýe boldy. Şol hatarda ahalteke bedewleriniň hem şan-şöhraty dünýä doldy.
Türkmen bedewiniň şan-şöhraty gadym döwürlerden bäri Ýewropada meşhurdyr. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ahalteke bedewiniň şanyna guraljak iň iri halkara çäreleriň hatarynda 4 — 6-njy sentýabr aralygynda Niderlandlar Patyşalygynda atly sport boýunça dünýä çempionaty bilen utgaşykly geçiriljek ahalteke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşigi, şol sanda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi, halkara ylmy-amaly maslahat, «Ahalteke bedewi — gözelligiň naýbaşy nusgasy» atly bedewlerimiziň gözelligini çeper beýan etmek boýunça halkara bäsleşik, şeýle hem medeniýetimize we sungatymyza bagyşlanan sergi-ýarmarka ýaly örän uly derejeli baýramçylyk dabaralary bar.
Ynsanlarda ruhubelentligi, buýsanjy, ýagşy duýgulary oýarýan, dost-doganlyk gatnaşyklaryna täze güýç berýän ajaýyplyklaryň, hoşmeýilliligiň türkmen topragyndan dünýäniň çar künjegine ýaýramagy geljege oňat umytlary döredýän örän paýhasly, öňdengörüjilikli syýasatyň netijesidir. Ýurdumyzda ösüşiň syýasy-ykdysady, guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk jähetleriniň sazlaşykly hereketiniň pugta ýola goýulmagy belent üstünliklere ýetmegiň esasy şerti bolup durýar. Şol bir wagtda, halkara hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik, deňhukuklylyk, ynanyşmak esasynda alnyp barylmagy Türkmenistanyň dostlukly ýurt, ynamdar hyzmatdaş hökmündäki abraýyny has-da beýgeldýär. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde: «Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça sazlaşykly işleri alyp barmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar» diýip belledi we öňde durýan esasy maksat hökmünde ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, her bir adam üçin amatly durmuş gurşawyny döretmek baradaky wajyp wezipäni öňe sürdi. Türkmen halky öňde goýlan ähli wezipeleriň agzybirlikde, jebislikde, yhlasly zähmet, döredijilikli tagallalar bilen durmuşa geçirilýändigini bedew batly ösüşlerimiziň mysalynda örän aýdyň görýär hem-de beýik geljegiň hatyrasyna uly güýç, çäksiz ynam bilen ýaşaýar we zähmet çekýär.
Ata Serdarow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, Mejlisiň deputaty
"Türkmenistan" gazeti
20.07.2026 ý