Işjeňlik bilen belent maksatlara tarap

Bagtyýar döwrümizde döwlet bilen jemgyýetiň jebisligini pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Garaşsyzlyk etrap komiteti hem ýokary netijeleri gazanýar. Guramamyz tarapyndan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň gymmatyny halk köpçüligine ýetirmek, durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik tutumlary, gazanylýan ösüşleri has-da dabaralandyrmak maksady bilen, terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli guralýar. Mundan başga-da, baýramçylyklaryň we belli seneleriň täsirliligini artdyrmak babatda guralýan aýdym-sazly dabaralar, maslahatlar raýatlar tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan asylly başlangyçlarynyň, ata Watanymyzy ösdürmäge, raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen milli maksatnamalaryň ähmiýetini giňden düşündirmek, olaryň durmuşa geçirilmegine raýatlaryň halal hem tutanýerli zähmetleri bilen gatnaşmagyny gazanmak, olaryň döwür bilen arabaglanyşygyny berkitmek bilen, ýurdumyzyň bedew bady bilen belent sepgitlere sary öňe gitmegini gazanmak ugrunda partiýa guramamyz birnäçe ähmiýetli işleri alyp barýar.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bähbidine gönükdirilen belent maksatlaryny, durmuşa geçirýän beýik işlerini bagtyýar raýatlarymyz giňden goldaýarlar. Munuň şeýledigini partiýa işjeňleri bilen guralýan duşuşyklar aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Geçirilýän maslahatlarda, duşuşyklarda bagtyýar raýatlarymyz buýsanç bilen çykyş edip, galkynýan döwrümiziň her bir gününiň kalplary egsilmez joşguna besläp, tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýandygyny nygtaýarlar.

TDP-niň Garaşsyzlyk etrap komitetiniň we onuň ilkinji guramalarynyň agzalary häzirki günlerde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuny mynasyp garşylamaga, ony has-da dabaralandyrmaga giňden taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça anyk wezipeleri öz öňlerinde belent maksat edip goýup, olaryň göwnejaý guralmagy babatda degişli işleri geçirýärler.

Guramamyz tarapyndan alnyp barylýan işleriň ählisi hormatly Prezidentimiziň öňümizde goýýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmekde partiýa agzalarynyň işjeňligini artdyrmaga gönükdirilendir. 

Şatlyk Gurbandurdyýew, TDP-niň Garaşsyzlyk etrap komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

23.07.2026 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Garaşsyzlyk etrap komiteti