TDP-niň welaýat we Daşoguz şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halkyň köňül buýsanjy» ady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işlerine badalga berilmegi mynasybetli, dabaraly maslahat geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gazanylýan beýik ösüşleri wagyz etmek, umumymilli forumyň mejlisinde kabul edilýän taryhy çözgütleriň ähmiýetini düşündirmek maksadynda geçirilen maslahata welaýat, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.
Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahatda çykyş edenler demokratik ýörelgeleri ösdürmekde, türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde, berkararlygymyzyň binýadyny berkitmekde, Watanymyzyň ýagty geljegine dahylly beýik işleri ara alyp maslahatlaşmak babatda bu taryhy forumyň gymmatynyň ýokarydygyny nygtadylar. Şeýle hem bu möhüm ähmiýete eýe bolan çärä welaýatymyzda ýokary derejede taýýarlyk görülýändigi barada aýdyldy.
Çykyşlarda halkyň ykbalyna dahylly beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri beýan edildi.
***
«Belent maksatlar — ösüşleriň binýady» ady bilen TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen söhbetdeşlik Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen guraldy. Söhbetdeşligiň dowamynda milli ýörelgelerimize esaslanýan ösüşleri, öňde duran belent wezipeleri seljermekde taryhy ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly wezipeler barada gürrüň edildi. Bu umumymilli forumyň ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetiniň bardygy, ata Watanymyzyň ýagty ertirleriniň binýadyny berkitmekde ýokary netijeleri berýändigi buýsanç bilen bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.
Ýörite habarçymyz.
"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti
23.07.2026 ý