Eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyna şu ýyl 35 ýyl dolýar. Bu sene «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna şan beren wakalaryň biri hökmünde taryha ýazylar. Her bir şanly baýramçylyklary mynasyp sowgatlar bilen garşylamagy ýol-ýörelge edinen halkymyz bu ajaýyp toýa ýylyň ilkinji günlerinden taýýarlyk görüp başlady. Garaşsyzlyk toýunyň barha golaýlamagy bilen, halkymyz has-da aýratyn joşgun, belent ruhubelentlik bilen zähmet çekýär, döredýär, gurýar. Garaşsyzlyk ― her birimiziň ýürek buýsanjymyz, bagtyýar geljege bolan ynamymyz, täze ýeňişlere, belent sepgitlere badalgamyz.
Garaşsyzlyk bilen galkynan mähriban ýurdumyzyň günsaýyn gözelleşýän keşbini bu gün görmäge göz, taryp etmäge söz gerek. Munuň üçin ýazyjy ýa şahyr bolmak hökman däl, eziz Watana bolan päk söýgimiz we buýsanjymyz dillerimizi şeýda bilbil kimin saýradýar. Bu döwürde kemala gelýän nesiller baky bagtyýarlygyň eýeleridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gymmatyny geljekki nesillere ýetirmek eziz Watanymyzyň daýanjy bolan ýaşlara bagly.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlap ýazan «Garaşsyzlyk ― bagtymyz» atly kitabynda: «Döwrümiziň bagtyýar nesilleri hasyl bolan arzuwlary berkidýän nesiller hökmünde uly jogapkärçiligi egne alýarlar, hut şunuň bilenem olar tükeniksiz mertebäniň, at-abraýyň eýeleridir. Olar özbaşdak döwletli bolmagyň nähili uly bagtdygyny, şol bir wagtyň özünde nähili uly borçdugyny, döwleti berkitmegiň öz ykballaryna düşen mukaddes paýdygyny her ädimde duýmalydyrlar. Bu, hakykatdan hem, nesillere ykbalyň taýsyz peşgeşidir, mukaddes paýydyr. Muny başgaça düşündirmek, meger, mümkin däldir» diýip belleýär. Şu sözler özbaşdak döwletli bolmagyň, öz ene diliň, milli däp-dessurlaryň, ýol-ýörelgeleriň täzeden dikeldilmeginiň näderejede gymmatlydygyny, nähili beýik bagtdygyny tassyklaýar.
Şahyryň:
Garaşsyzlyk bilen güýçlüdiris biz,
Garaşsyzlyk bilen kuwwatly Diýar.
Bitaraplyk bilen dolup jahana,
Türkmenistan beýik geljege barýar! —
diýip taryp edişi ýaly, bu gün türkmen halkyny bedew aty, nepis halysy, ösen medeniýeti, nebiti, gazy we başga-da birnäçe milli gymmatlyklary bilen dünýä tanaýar. Türkmenistanda öndürilen, hil taýdan bäsleşmäge ukyply önümler bu gün dünýä bazarlarynda iň bir islegli haryda öwrüldi. Ýurdumyz senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşuldy. Bu gazanylýan ösüşlerde türkmen telekeçileriniň hem mynasyp paýy bar. Döwletimiz tarapyndan berilýän giň goldawlardan ýerlikli peýdalanmagy başarýan telekeçilerimiziň öndürýän önümleri diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak bilen çäklenmän, eýsem, eksport mümkinçiliklerimiziň ilerlemegine-de giň ýol açdy. Bazarlarymyzda öz ýurdumyzda öndürilen önümler elýeter bahalardan ilata ýetirilýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilýän milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, gysga wagtyň içinde döreýän täze şäherlerdir obalar ýurdumyzyň görküne görk goşýar. Halkymyzyň göz-guwanjy bolan akylly şäher ― Arkadag şäheri dünýäni haýran edýän gözellik nusgasy bolup lowurdaýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Biz hiç babatda dünýäniň ösüşlerinden yza galmarys. Gaýtam biz öňegidişliklerimiz babatda görlüp-eşidilmedik taryhy üstünlikleri gazanarys. Şuňa görä, biz zamanamyzyň ösüşlerine «Bedew batly ösüşler» diýýäris».
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Ahal welaýatynda hem uly üstünlikler gazanyldy. Ak bugdaýyň dörän ýeri hasaplanýan welaýatymyzyň bereketli topragynda biten ak bugdaýdan bol hasyl ýygnalyp, arzyly pellehana ilkinjileriň hatarynda abraý bilen ýetildi. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyny zähmet ýeňişleri bilen garşylamagy maksat edinen ahally gallaçylar Watan harmanyna 442 müň 425 tonnadan gowrak däne tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany 110,61 göterim ýerine ýetirdiler. Galla hasylyny ýygnamakda welaýatymyzyň Babadaýhan (73 müň 876 tonna, 121,71 göterim), Tejen (68 müň 013 tonna, 115,87 göterim), Gökdepe (22 müň 442 tonna, 111,65 göterim) etraplary aýratyn tapawutlandy. Ekilen bugdaýly meýdanlaryň her gektaryndan 50 sentnerden gowrak hasyl almagy başaran babadaýhanly kärendeçi Gülşat Atajanowa, 65 sentnerden gowrak hasyly ýygnan tejenli kärendeçi Daýanç Orazmuhammedow, 127 sentnerden gowrak hasyl almagy başaran Altyn asyr etrabynyň gallaçy kärendeçisi Mähri Gurbanowa dagy bugdaý çäjiniň beýgelmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdular. Edermen babadaýhanlarymyzyň maňlaý derini siňdirip ýetişdiren ak bugdaýynyň däneleri halkymyzyň saçaklaryna mele-myssyk nan bolup dolar.
Diňe bir galla däl, eýsem, miwedir bakja önümlerinden hem bol hasyl öndürildi. Ter gök önümlerdir miwelerden daşgary, dürli görnüşli gaplara gaplanan taýýar iýmit önümleri dükanlaryň tekjelerini bezäp, gözleriňi dokundyrýar. Welaýatymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen hususy kärhanalaryň sany barmak büküp sanardan köp. Ak bugdaý etrabynda halkymyzyň gündelik sarp edýän harytlaryny öndürýän kärhanalaryndan emele gelen senagat zolagynyň gerimi barha giňeýär. Şu ýylyň dowamynda welaýatyň Gökdepe etrabynda suw göteriji we olara degişli bolan elektrik beketler hem gurlup ulanylmaga berildi.
Bu bolsa oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmekde we sanly ulgama daýanyp, bu ugurdaky işleri ilerletmekde uly ädim boldy.
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň barha ýakynlamagy bizi has-da depginli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ahally babadaýhanlar bu şanly ýylda gowaçadan hem bol hasyl ýetişdirip, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirmegi baş maksat edinýärler.
Ýurdumyzyň maýa goýum maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, 2026-njy ýylda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyny bellenilen möhletlerde ýokary hilli tamamlamak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek, şeýle hem raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda welaýatyň çäginde Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleri goramak gullugynyň merkezi ammarynyň, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň çäginde ýylda 20 müň tonna karbamidli-formaldegid konsentratyny öndürýän desganyň, Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde 320 orunlyk çagalar bagynyň, «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň gurluşyk işleri soňky tapgyrlarda güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Çekilýän joşgunly zähmet, gazanylýan üstünlikler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň zähmet sowgady bolar.
Hawa, Garaşsyzlyk bize egsilmejek bagt, synmajak tagt berdi. Garaşsyzlyk bilen galkynan daýhanam, işçem, lukmanam, alymam, mugallymam, ýazyjy-şahyrlardyr bagşylaram, bir söz bilen aýdanyňda, bütin türkmen halky bu gün bagtyýarlygyň goýnunda ýaýnaýar. Özleri barada edilýän çäksiz aladalary duýup ýaşaýan welaýatymyzyň agzybir ýaşaýjylarynyň hem dilinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyşlar aýdym bolup ýaňlanýar.
Resul Işangulyýew, TDP-niň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty
"Watan" gazeti
25.07.2026 ý