Döwletli tutumlar — okgunly ösüşiň kepili

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylyp, has-da belent sepgitlere ýetilýär. Ylaýta-da, halkymyzyň halal zähmet çekmekleri, rahat dynç almaklary, parahat, asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşamaklary üçin bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Bularyň ählisi bolsa dünýäniň senagat taýdan ösen, syýasy taýdan durnukly, kämil demokratik ýörelgelere daýanýan raýat jemgyýetini berkarar etmek, ýaşamak üçin amatly şertleri döretmek ugrundaky ählihalk tagallalarynyň binýadyny berkidýär. Netijede, gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekanyna, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwrülen mähriban Watanymyz şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanjak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geljegimize nur saçýan belent sepgitleri eýeleýär. Şu pursatda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň mazmunly, özboluşly durmuş ýörelgesine öwrülen şeýle sözleri hakydaňa dolýar: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir».

Berkarar ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alan giň gerimli özgertmeler, amala aşyrylýan oýlanyşykly taryhy taslamalar hormatly Prezidentimiziň şeýle çuň manyly sözleriniň hakyky iş ýüzündäki mynasyp beýanyna öwrülýär. Ykbal özgerdiji şeýle iri möçberli tutumlar bolsa barmak büküp sanardan kändir.

Ýaňam nygtaýşymyz ýaly, merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýadyny pugtalandyryp, röwşen geljegimizi nurlandyrýan şeýle beýik işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz üçin häsiýetli aýratynlykdyr. Şonuň üçin hem olaryň ählisi barada bir söhbetiň dowamynda durup geçmek asla mümkin däldir. Şundan ugur alyp, biz diňe ýurdumyzyň Günbatar sebitinde, ýagny Balkan topragynda amala aşyrylýan iri möçberli taslamalaryň, taryhy wakalaryň käbirine ýüzlenip, olaryň milli we umumadamzat ähmiýeti barada gysgaça durup geçmekçi.

Ata Watanymyzyň ummasyz gorlara daýanýan tebigy baýlyklaryny hem-de mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak bilen ösen ulag-logistika ulgamy, ýokary öndürijilikli täze pudaklardyr senagat önümçilikleriniň döredilmegi halkymyzyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek bilen birlikde, ýurduň kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerini ählumumy bähbitlere gönükdirýär. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik tutumlary dünýä jemgyýetçiliginiň hemişe üns merkezinde. Şanly ýylda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ilkinji gezek türkmen hünärmenleri tarapyndan gurlan «Gadamly» gury ýük gämisiniň dabaraly ýagdaýda ýüzüşe goýberilmegi şunuň ýaly taryhy wakalaryň biri boldy. Munuň hemmelerde uly gyzyklanmalar döretmegi ýurdumyzda ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde, halkara üstaşyr ýük dolanyşygynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmakda zerur tagallalaryň edilýändigi bilen berk baglanyşyklydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary mahalynda ýurdumyza «Dostluk» nebit tankeriniň gowşurylmagy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ysnyşykly häsiýete eýediginiň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz dostlukly döwlete sapary mahalynda ýene bir zada ünsi çekdi, ýagny ýurdumyzyň goňşy döwlete elektrik energiýasyny ibermek mümkinçiligi barada nygtady. Häzirki wagtda Hazaryň kenarynda — Türkmenbaşy etrabynda gurluşygy alnyp barylýan önümçilik kuwwaty 1 müň 574 megawat bolan täze elektrik stansiýasy bu babatda mümkinçilikleriň altyn gapysyny açyp berer. 4 sany gaz we 2 sany bug turbinalaryny özünde jemläp, gaz we bug dolanyşygynda işlejek bu iri desga ýurdumyzda gurulýan şeýle kuwwatly döwrebap elektrik stansiýalarynyň ikinjisidir.

Elbetde, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň abadan durmuşyny, şeýle-de dünýä halklary bilen dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrjak şunuň ýaly iri möçberli taslamalar bular bilen çäklenmeýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde gurluşygy alnyp barylýan, önümçilik kuwwaty ýylda 1 million 155 müň tonna karbamide deň bolan toplumyň, Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan aralygyndaky gara ýoluň Türkmenbaşy — Garabogaz böleginiň gurluşyklary, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi şeýle taryhy taslamalaryň üstüni ýetirýär. Dogry, olaryň sanawyny häzirem uzaldyp bolar, emma esasy zat — biz şular ýaly döwletli tutumlara ser salmak arkaly bir hakykaty buýsanç bilen nygtap bilýäris: Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň sazlaşygynda beýik işler hasyl bolýar. Şöhratly täze taryhymyza zer harplary bilen ýazylýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli şeýle döwletli işler üçin türkmen halkynyň Milli Liderini, hormatly Prezidentimizi alkyşlaýan hoşallyk sözleri bolsa agzybir türkmen halkynyň zybanynda aýdym-mukam bolup ýaňlanýar. Birnäçe günläp sahawatly Balkan topragyny toý-baýrama besläp geçirilen Medeniýet hepdeligi munuň dünýä ýaň salan subutnamasyna öwrüldi.

Bulardan başga-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine, şeýle hem «Merkezi Aziýa + Azerbaýjan» formatynda geçiriljek konsultatiw duşuşyga taýýarlyk görülýär. Bu ähmiýetli duşuşyklarda dürli ugurlarda özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Guwanç Çendirow, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty

“Watan” gazeti

28.07.2026 ý

 

TDP-niň Balkan welaýat komiteti -