Jemgyýetiň jebisliginiň güwäsi

Bedew batly ösüş-özgertmelere beslenýän ýurdumyzda demokratik esaslar yzygiderli pugtalandyrylýar, halk häkimiýetiniň ýörelgeleri berkidilýär, raýatlaryň konstitusion hukuklary ygtybarly üpjün edilýär. Il-ýurt ähmiýetli döwletli işlere ilatyň işjeň gatnaşmagy jemgyýeti has-da jebisleşdirýär, milli ýörelgelere täze döwrüň ruhunda rowaçlyk berýär. Bu babatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň ähmiýeti uludyr.

Berkarar Watanymyzyň geljekki ösüşiniň binýadyny berkden tutmakda, durmuşyň ähli ugurlarynda sazlaşykly öňegidişligi üpjün etmekde ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň ähmiýeti barha artýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň bosagasynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçiriler. Gahryman Arkadagymyzyň 15-nji iýulda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hem-de düzümini tassyklamak, geçiriljek senesini kesgitlemek bilen bagly kabul edilen resminamalar döwletli geňeşiň taýýarlyk işlerine badalga boldy. Milli Liderimiziň mejlisdäki çuň manyly çykyşyndan we kabul edilen resminamalardan gelip çykýan wezipeleri gyşarnyksyz durmuşa geçirmekde syýasy partiýalar hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan degişli işler sazlaşykly alnyp barylýar.

Şu günler Bäherden etrabynda giň gerime eýe bolýan wagyz-nesihat çärelerinde Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti raýatlara düşündirilýär, ýurdumyzy ösüşiň täze derejesine çykarmakda, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmekde we jebisligini pugtalandyrmakda umumymilli forumyň orny dogrusynda gürrüň berilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 23-nji sentýabrda geçiriljek nobatdaky mejlisi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrüler. Onda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, ýerine ýetirilen işler barada giňişleýin beýan ediler, beýik döwrümiziň talaplaryndan, täze ykdysady şertlerden ugur alnyp, öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

Hoşgeldi Ataýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bäherden etrap komitetiniň başlygy

“Türkmenistan” gazeti

28.07.2026 ý

 

TDP-niň Ahal welaýat komiteti - TDP-niň Bäherden etrap komiteti