Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr. Onuň mejlislerinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler jemgyýetçilik we halk wekilleriniň gatnaşmagynda ara alnyp maslahatlaşylýar, şeýle-de olar boýunça çözgütler kabul edilýär.

Milli Liderimiziň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi ýurdumyzda umumymilli foruma görülýän taýýarlyk işlerine resmi taýdan badalga bermekde möhüm waka boldy. Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň ýurdumyzyň Mejlisi, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki işleri dowam etdirip, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmalydygy hakynda hem aýtdy. Şeýle hem bu mejlisde Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde Diýarymyzda sanly ulgamyň işini ösdürmek, Arkadag şäheriniň mysalynda şähergurluşyk maksatnamasyna sanlylaşdyrmak wezipelerini girizmek babatda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Täze kanunlaryň işlenip taýýarlanylmalydygy barada aýdyldy. Milli Liderimiz bu işleriň paýhasly pederlerimiziň döreden milli ýörelgeleri bilen utgaşykly dowam etdirilmegi babatda birnäçe maslahatlaryny berdi we gazanylýan ösüşleri giňden wagyz etmelidigine ünsi çekdi. Elbetde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge ýakyndan ýardam bermek we giň halk köpçüligine wagyz-nesihat etmekde ýurdumyzyň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik guramalary özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Halkyň arasynda Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini düşündirmek, maslahatyň ýokary derejede geçirilmegine taýýarlyk görülmegine mynasyp goşantlaryny goşmak her bir syýasy partiýanyň hem-de jemgyýetçilik guramasynyň işgärleriniň mukaddes borjy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent maksatly işleriň halkyň bähbidine gönükdirilmegi hem, ilkinji nobatda, raýatlara aýratyn ähmiýet berilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Öňde durýan möhüm wezipeleri halk köpçüligine, ýaşlara düşündirmekde, wagyz etmekde şäherimiziň jemgyýetçilik guramalary bilen birlikde, degişli edara-kärhanalarynda meýilnamalaýyn çäreleri yzygiderli geçirýäris.

Türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhymyzda ata-babalarymyz tarapyndan örän baý tejribeler toplanyp, pederlerimiziň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklary geçirilipdir. Munda iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerden ugur alnyp, umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerilipdir. Häzirki wagtda hem şol asylly ýörelgeler dowam edýär. Ilatymyzyň giň gatlaklaryny möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişli bolup durýar. Şu ýyl, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýokary derejede geçiriljek Halk Maslahaty il-ýurt hem-de tutuş adamzat ähmiýetli işleriň üstünlikli amala aşyryljakdygynyň aýdyň kepilidir. Biziň ajaýyp ýurdumyzyň ösüş aýratynlygy, ilkinji nobatda, halkymyza goýulýan aýratyn sarpa, diňe halk bähbitli, döwlet ähmiýetli alnyp barylýan işler bolup durýar. Döwletlilik ýörelgelerimiz dowam etdirilýär, taryhda yz galdyran, beýik işleri bitiren pederlerimiziň, meşhur şahsyýetlerimiziň mertebesi saklanylýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Olara asylly ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz düşündirilýär, wagyz edilýär.

Belent tutumly işlerini diňe halkynyň aladasyna gönükdirýän, ýurdumyzy diňe ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!

Orazgül Pygamowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy

"Arkadag" gazeti

30.07.2026 ý

 

TDP-niň Arkadag şäheriniň komiteti -