Änew şäherindäki Medeniýet öýünde «Şanly Garaşsyzlyk — baky ýolumyz, ýollarymyzda Garaşsyzlyk ýalkymy!» ady bilen maslahat geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlykly barmak bilen baglanyşykly geçirilen maslahaty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti gurady.
Maslahatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň giňden dabaralandyryljakdygy, Watanymyzyň naýbaşy toýunyň hormatyna paýtagtymyzda dabaraly harby ýörişiň, şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi dogrusynda buýsançly gürrüň edildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň 15-nji iýulda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisiniň we onda kabul edilen resminamalarynyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taýýarlyk işlerine badalga bolandygyny aýratyn nygtamak bilen, öňde duran wezipelere ünsi çekdiler.
Maslahatda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi umumymilli forumdyr. Oňa jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagy milli demokratiýany dabaralandyrýar. Onda halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň mundan beýläk-de bedew bady bilen öňe gitmegine gönükdirilen möhüm meselelere garalýar, degişli çözgütler kabul edilýär. Şoňa görä-de, 23-nji sentýabrda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhüm ähmiýeti bardyr.
Gülşat Aşyrowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy
"Ahal durmuşy" welaýat gazeti
30.07.2026 ý