Ajap döwrüň belent wezipeleri

Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň gülläp ösüşi ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli oňyn özgertmeleriň baş maksadydyr. Bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Türkmenistan ähli ugurlarda ajaýyp ösüşleri gazanýar. Jemgyýetimizde we ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler täze ösüşlere badalga berýär. Şoňa görä-de, 2022 — 2028-nji ýyllarda Döwlet býujetiniň serişdeleri durmuş-ykdysady ösüş strategiýamyzy durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryna, ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşini üpjün etmäge gönükdiriler. Bu işleriň ählisi «Döwlet adam üçindir!» diýen şygaryň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgämize laýyklykda, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde öňde goýlan baş wezipeleri üstünlikli çözmekde umumy maýa goýumlarda onuň önümçilik ulgamyna gönükdirilen paýynyň 90 göterimden hem ýokary bolmagyny gazanmagyň ylmy esaslarda taýýarlanylýan maksatnamalaryň, aýratyn-da, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ähmiýeti uludyr. Çünki häzirki döwürde daşary ýurtlar bilen söwda dolanyşygynyň giňelmegi döwletleriň girdejileriniň artmagyna getirýär hem-de ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam berýän ösüşiň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi bolsa ykdysadyýetiň has çalt depginler bilen ösdürilmegini üpjün edýär. Häzirki wagtda ykdysadyýetde gowy netije gazanmak üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ulanylýar, ol XXI asyrda jemgyýetiň ösüşine uly täsir edýän ýagdaýlaryň biri bolup durýar. Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary uly möçberdäki maglumatlary ýygnamaga we jemlemäge, jemgyýeti strategik dolandyrmaga, global maglumat meýdanynda aragatnaşygy işjeňleşdirmäge mümkinçilikleri açýar, ýurduň bäsleşige ukyplylygynyň derejesine oňyn täsir edýär.

Bularyň ählisi jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň özgermegine getirýär, adamlar önümçilikde, dolandyryşda, beýleki ugurlarda döwrüň talaplaryna laýyklykda özara hil taýdan täze gatnaşyklara girişýärler. Şeýle şertlerde öndüriji güýçler hem has ýokary depginler bilen ösýär. Adamlaryň şeýle gatnaşyklarda bolmagy, olaryň dünýägaraýşynyň, ymtylmalarynyň, ideýalarynyň hem özgermegine getirýär. Şunuň bilen bir wagtda önümçilik gatnaşyklary ahyrky netijede adamlaryň ruhy dünýäsi bilen baglanyşykly syýasy, hukuk, ahlak we beýleki gatnaşyklaryň häsiýetini kesgitleýär.

Ösýän döwletleriň hatarynda biziň ýurdumyzda-da şeýle täzelikleriň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy ähli ugurlarda ösüşleriň hil taýdan täze belentliklerine tarap ýol alnandygyny aňladýar. Şu jähetden, 2022-nji ýyldan döwrüň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylmagynyň çuň manysy bar. Bu mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen ýaşytdaş bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň hem täze eýýamdaky taglymyny kesgitleýär. Çünki täze eýýamyň Galkynyşy täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň emele gelmegini alamatlandyrmak bilen, şu şertlerde partiýanyň hem döwür bilen aýakdaş hereket etmegini talap edýär. Bu bolsa täze eýýamda partiýanyň maksatnamasynda hakykatyň has aýdyň beýan edilmeginiň, partiýanyň esasy wezipeleriniň biri hökmünde wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini ýene-de güýçlendirmegiň, şunda sanly ulgamdan giňden peýdalanmagyň zerurdygyny hem göz öňünde tutýar.

Biziň etrap partiýa guramamyz ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler syýasatynyň ähmiýetini, many-mazmunyny giň halk köpçüligine düşündirmek, wagyz etmek boýunça ýörite tassyklanan meýilnama esasynda işleri durmuşa geçirýär. Düşündiriş, wagyz-nesihat bilen baglanyşykly işleriň ilkinji guramalarda durmuşa geçirilişi gözegçilikde saklanylýar, amaly kömekler berilýär, täze eýýamda täzeçe işlemäge ugrukdyrylýar.

Täze şertlerde ylmyň gazanan täzeliklerine daýanyp ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Rahimbaý Kurambaýew, TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň partiýa guramaçysy

"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

15.12.2022 ý

 

TDP-niň Daşoguz welaýat komiteti - TDP-niň Akdepe etrap komiteti