Wajyp wezipeler kesgitlenildi

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde üstünlikli amala aşyrylýan syýasy özgertmeler ykdysady ösüş-özgerişlikler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýär. Türkmen halky has-da abadan geljeginiň binýadyny berkden tutýar.

Mälim bolşy ýaly, üstümizdäki ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň wajyp wezipelerine garaldy. Mejlisde türkmen halkynyň Milli Lideri çykyş edip, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk toýunyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilip, onda Garaşsyz döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemlenjekdigini belläp geçdi. Döwrüň talaplaryndan ugur alyp, öňümizde durýan möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgüne çagyrmak we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek hakynda Kararlar kabul edildi.

Türkmen halky Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda taryhy wakalara — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine we Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýuna taýýarlyk görýär. Partiýamyzyň etrap komitetiniň işgärleri hem taryhy wakalara mynasyp zähmet sowgatly barmak maksady bilen döredijilikli zähmet çekýärler.

Çary Öwezow, TDP-niň Sakarçäge etrap komitetiniň başlygy

"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

30.07.2026 ý

TDP-niň Mary welaýat komiteti - TDP-niň Sakarçäge etrap komiteti