Müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen hoşniýetli goňşuçylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek ýaly asylly ýörelgeler halkymyzyň durmuşyna mäkäm ornaşyp, goňşy döwletler bilen parahatçylykly, ylalaşykly gatnaşyklaryň kemala gelmegine ýardam edipdir. Bu taryhy hakykata Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny okanyňda hem şaýat bolýarsyň. Gurmagy, döretmegi we parahatçylygy gorap saklamagy durmuş kadasyna öwren halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmeklige uly ähmiýet berýär.
Bu ajaýyp döwrümiz pederlerimiziň paýhasy siňen, milli öwüşginlere baý medeni mirasymyzyň pajarlap ösmegi üçin il bähbitli, döwlet ähmiýetli tagallalaryň amala aşyrylýan taryhy eýýamyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň medeni mirasymyzy gorap saklamak, ony täze röwüşde baýlaşdyrmak, maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzüne ýaýmak ugrundaky beýik başlangyçlary bilen taryhy ýadygärliklerimiziň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu iňňän ähmiýetli we öňdengörüjilikli syýasy ýörelge häzirki wagtda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. Munuň özi milli medeniýetimizi, mirasymyzy barha ösdürmek hem-de naýbaşy medeni gymmatlyklarymyzy äleme ýaýmak babatynda bitirilýän taryhy işlerden nyşandyr.
Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň etrabymyzda hem milli medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmek, goramak we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda birnäçe işler amala aşyrylýar. Etrabymyzyň Ödeý geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Ödeý galasy hem taryhymyzy öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak maglumatlar çeşmesidir. Bu gadymy gala taryhy we edebi çeşmelerde «Jenaddyl şäher» hem diýilýär. Taryhy maglumatlara ýüzlensek, bu gala birnäçe gezek weýrançylyklara sezewar bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen galanyň ýerleşýän çäkleri Kuşan patyşalygyna degişli bolupdyr. Şol döwürlerde galanyň täzeden dikeldilmegi bilen hünärmenler, söwdagärler gelip, bu ýerde öz işlerini ýola goýupdyrlar, oturymly ilat ornaşyp başlapdyr we bu ösüş 200 ýyla çenli dowam edipdir. Ödeý galasy barada birnäçe taryhy maglumatlar, rowaýatlar biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Olaryň haýsysyna ser salsagam, galanyň öz durkuny, görküni uzak taryhdan alyp gaýdýandygyna göz ýetirýäris.
Bu taryhy ýadygärlige taryhçylar, mirasgärler bilen birlikde ýerli ýaşaýjylar hem yzygiderli syýahat edýärler. Biz hem ýygy-ýygydan taryhymyzy öwrenmek, milli medeniýetimiziň ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmek maksady bilen Ödeý galasyna gezelençleri guraýarys. Elbetde, bu işler ýaşlara milli mirasymyzy, gadymy ýadygärliklerimizi has içgin öwretmekde ähmiýetlidir. Bize taryhy ýadygärliklerimizi dikeltmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan beýik işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Saýýara Jumadurdyýewa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň bölüm müdiri
"Türkmen gündogary" welaýat gazeti
06.08.2026 ý