Halkymyzyň asylly däp-dessurlarynyň biri gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli demokratik ýörelgeleridir. Maslahat etmek, birek-birege sala salmak däbi halkyň, ýurduň möhüm meselelerini çözmekde esasy ýörelgä öwrülipdir. «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşene giň dünýä» diýlişi ýaly, türkmençilikde bu ýörelgä uly ähmiýet berlipdir.
Asyrlardan aşyp, döwürlerden döwürlere ýetip gelen türkmen halkynyň maslahat etmek ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da kämilleşdirilip, mynasyp derejede dowam etdirilýär. Munuň özi milli demokratiýanyň dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär.
Ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň geçmişini, şu gününi we geljegini baglanyşdyrýar, halkymyzyň milli demokratik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Häzirki zaman jemgyýetimizde Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynda möhüm orny eýeleýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 15-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk işleri bilen bagly möhüm wezipeleri goýdy. Şol wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzyň syýasy partiýalary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýerlerde wagyz-nesihat işleri giň gerimde alnyp barylýar. Etrap häkimliklerinde, jemgyýetçilik guramalarynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerine syýasy partiýalaryň wekilleri, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, dürli pudaklarda işleýän zähmetkeşler işjeň gatnaşýarlar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwerlige ýugrulan parasatly şygarlaryna eýerip, özygtyýarly ösüş ýolunda ynamly gadam urýar. Ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik gurluşynyň binýadyny berkitmek, halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmek ugrunda örän uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda, döwlet ähmiýetli meseleleri maslahatlaşyp çözmekde milli ýörelgelerimize eýerilýär.
Goý, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi üstünliklere beslensin! Halkymyzy rowaçlyk ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Nurjahan Hojaýewa, TDP-niň Gökdepe etrap komitetiniň başlygy, Zenanlar birleşiginiň Ahal welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary
“Watan” gazeti
11.08.2026 ý