Döwletli geňeşe barýarys

Agzybirlik, ynsanperwerlik we döwletlilik ýörelgelerine ygrarly, taryhy şöhratly pederlerimiziň mukaddes däplerini dowam etdirip, dünýäde umumy ykrar edilen demokratik kadalara eýerilip döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Berkarar döwletimizde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, raýatlarymyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny gazanmak, demokratik ýörelgeleri dowam etdirmek ýaly möhüm ähmiýetli meseleleriň halk köpçüligi bilen ara alnyp maslahatlaşylmagy bolsa Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň işinde öz beýanyny tapýar.

Bu umumymilli forumyň her ýyl geçirilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ösüş ýolunda ýetilen sepgitlere, gazanylan üstünliklere guwanmakda, halkymyzyň nurana geljegini berkarar etmekde öňde durýan il bähbitli we döwlet ähmiýetli işleri kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýedir.

Bu döwletli maslahatyň Milli Liderimiziň başlyklyk etmeginde parasatly gojalarymyzyň, il içinde abraýly, sylagly raýatlarymyzyň jem bolmagynda pederlerimiziň geňeş etmek, maslahat geçirmek ýaly asylly däplerine eýerilip geçirilmegi aýratyn guwandyryjydyr. Çünki Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli her bir döwletli işiň başyny başlanlarynda parasatly gojalarymyza, il sylagly ýaşulularymyza sala salýarlar. Pederlerimiziň bu mukaddes ýörelgesiniň dowam etdirilýändigini Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň işinde hem görýäris. Ýaňy-ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ykjam taýýarlyk görmäge bagyşlandy.

Öňde duran bu mejlis Diýarymyzda demokratik ýörelgeleri barha dabaralandyryp, halkymyz üçin taryhy ähmiýetli waka öwrüler. Çünki Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýyllardaky mejlislerinde kabul edilen maksatnamalardyr taslamalar ýurdumyzy ösdürmek, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda beýik özgertmelere başlangyç goýdy. Şol mejlislerde «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelere daýanylyp, ýakyn we uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan wezipeler halkyň erk-islegine görä kesgitlenildi, olary çözmegiň ýollary babatda oňyn tekliplere garaldy. Gysga taryhy döwrüň içinde döwleti dolandyrmagyň demokratiýa we hukuga esaslanýan ygtybarly nusgasy döredildi. Jemgyýetiň her bir agzasynyň erk-islegini beýan etmeginiň netijeli ulgamy kemala geldi. Umuman, geçen ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan bu beýik işler esasynda halk bilen hökümetiň, döwlet bilen jemgyýetiň arasynda mizemez arabaglanyşyk üpjün edildi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde öňümizdäki bu umumymilli forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli çäreler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ykjam taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyryklaryndan we öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur alyp, biz hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işlerini we bu ählihalk forumynyň ähmiýetini ilat arasynda düşündirmek boýunça wagyz-nesihat çärelerini, raýatlar toparlary bilen duşuşyklary yzygiderli geçirýäris. Şeýle-de ýurdumyzyň dürli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek boýunça ildeşlerimizden gelip gowuşýan teklipleri öwrenýäris. Şeýle çärelerde hormatly Prezidentimiziň döwleti dolandyrmak ulgamyny hukuk taýdan kämilleşdirmek hem-de jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň bagtyýar ildeşlerimiziň giň goldawyna eýe bolýandygynyň şaýady bolýarys.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyryp, şanly ýylymyzyň senenamasynda aýdyň sahypalary döretjekdigine berk ynanýarys. Bu umumymilli forumda ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen kararlardyr serediljek meseleler bolsa Watanymyzyň täze belentliklere tarap ynamly öňe gitmeginiň ýolunda möhüm ädime öwrüler.

Jemile Artykowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň başlygy

"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

13.08.2026 ý

 

TDP-niň Lebap welaýat komiteti - TDP-niň Türkmenabat şäher komiteti